Dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm hem-de okgunly ösýän pudaklarynyň biridir. Soňky ýyllarda önümçilik görkezijilerini yzygiderli ýokarlandyrýan pudak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýär. Halkymyzyň dokmaçylyk senedini sungat derejesine ýetirenine müňlerçe ýyl geçenem bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatynyň binýadynyň tutulmagy Garaşsyzlyk ýyllary bilen baglanyşyklydyr. Berkden tutulan binýat taryh üçin gysga döwürde Türkmenistanyň dokma önümçiliginde dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda orun almagyny şertlendirdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda iri dokma toplumlary, ýüplük egriji we dokma kärhanalary, tikin fabrikleri, ýüpekçilik kärhanalary, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.
Kärhanalarda çagalar we ulular üçin egin-eşikler, şol sanda ýokary hilli örme we jinsi önümleri, hojalykda ulanylýan ekologiýa taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleri, ýorgan-düşek daşlyklary, çalgyçlar, panbarhat matalary we beýleki harytlar öndürilýär. «Bedew», «Gala», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Bahar», «Goza», «Nusaý», «Wada», «Ak pamyk», «Arwana», «Mäne», «Jeýtun» ýaly söwda nyşanlary bilen öndürilýän harytlar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümindäki «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinde hem-de ýurdumyzyň dürli ýerlerinde açylan ýöriteleşdirilen dükanlaryň onlarçasynda ilata hödürlenilýär.
Pudagyň düzümindäki kärhanalaryň Ýaponiýa, Belgiýa, Şweýsariýa, Türkiýe ýaly ençeme ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary bilen üpjün edilmegi onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksatlara ýetmäge ýardam berýär.
Dokma pudagynda öndürilýän önümleriň halkara hil standartlaryna hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň kärhanalarynyň önümleriniň «Önümçiligi dolandyryş ulgamy we hil gözegçiligi» ISO 9001, «Daşky gurşawy goramak» ISO 14001, «Zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy» OHSAS 18001 ýaly halkara güwänamalaryna mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamalarydyr.
Döwlet tarapyndan kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistanda öndürilen önümler dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary islegden peýdalanýan harytlara öwrüldi. Bu günki gün türkmen dokma önümleri Russiýa Federasiýasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Hytaý, Pakistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Gruziýa, Ermenistan, Eýran, Şweýsariýa ýaly onlarça ýurtlara eksport edilýär.
Geçen hepdede sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda berlen hasabata laýyklykda, şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň öndürilişiniň ösüş depgininiň 131,3 göterime, nah matalaryňky 131,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 114,4 göterime, gön önümleriniňki 108,2 göterime deň bolmagy pudagyň ösüşleriniň guwandyryjy görkezijilere eýedigini görkezýär.