TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýäniň iň uly ýolagçy uçary

Dünýäniň iň meşhur we öňdebaryjy uçar öndüriji kompaniýalarynyň biri bolan «Airbus» ýakynda «A-380» kysymly ýolagçy uçarlarynyň önümçiligini assa-ýuwaşdan bes etmek kararyna geldi. «A-380» ilkinji öndürilip başlanan ýyllarynda, ondan umyt juda uludy. Bu uçar bilen kompaniýa XXI asyrda dünýä awiasiýasynyň lider uçaryna eýe bolmagy maksat edinýärdi. Iki gatly uçar bir gezek 544 ýolagça hyzmat edip bilýär. Ýöne kompaniýalardan dünýäniň iň uly ýolagçy uçaryna isleg ýokary bolmady. Olar orta ululykdaky we kiçi göwrümli uçarlara has köp isleg bildirdiler. Muňa garamazdan, «Boeing ― 747»-niň esasy bäsdeşi hökmünde tanalýan «A-380»-iň önümçiligi 2021-nji ýyla çenli dowam eder.

«Airbusyň» bu uçarynyň iň esasy müşderisi Birleşen Arap Emirlikleriniň «Emirates» howaýollary kompaniýasydyr. BAE-niň kompaniýasy ozal «A-380»-leriň 162-sini sargyt eden eken. Ýakynda bolsa bu sargyt 123-e düşdi. Sargydynyň aglabasyny satyn alan kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyryna çenli «Airbusdan» ýene-de 14 sany uçary satyn alar. Ýöne «Emiratesiň» «Airbus» bilen hyzmatdaşlygy tamamlanmaýar. Gaýtam, BAE-niň kompaniýasy 40 sany «A-330-900» we 30 sany «A-350-900s» uçarlaryny sargyt etdi.

«Airbus» 2021-nji ýylyň ahyryna çenli «A-380»-leriň ýene-de 17-sini öndürer. Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, olaryň 14-si BAE-niň kompaniýasyna, galan 3-si bolsa Ýaponiýanyň «ANA» awiakompaniýasyna satylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle