DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy 117 ýaşynda

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy hasaplanýan ýaponiýaly Kane Tanaka garrylar öýünde 117-nji doglan gününi süýjülik torty, şarjagazlar we şemjagazlar bilen belledi. Ol 2019-njy ýylyň 9-njy martynda 116 ýaş we 66 gün bilen Ýer ýüzüniň iň garry ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.

Kane Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Fukuoka prefekturasynda dogulýar. Dokuz doganyň ýedinjisi bolan Tanaka 19 ýaşynda milli tagamlary bolan “moti” süýjilerini we “udon” unaşysyny taýýarlamakda ýöriteleşen dükanyň eýesi Hideo Tanaka durmuşa çykýar.

Bu jübüt bäş çagany ulaldyp, olaryň birini hossarlyga alýarlar. Kane Tanakanyň boş wagtynda iň esasy gyzyklanýan zady matematika we rewersi oýunydyr.

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysynyň doglan gününi garrylar öýüniň ýolbaşçy düzümi gurnady we dabaranyň esasy tagamy bolan tort Kaneniň göwnünden turdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-rus 2-nji işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Eýranyň daşary işler ministri Russiýa barar

COP-28: metan zyňyndylaryny azaltmak üçin 1 milliardlyk gazna

Türkmenistan ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy

Dünýäniň iň täsirli zenanlary

Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady