TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýäniň iň gadymy maddasy tapyldy

Alymlar 1969-njy ýylda kosmos giňişliginden gaçan meteorid daşy boýunça amala aşyran ylmy-barlaglarynda iň gadymy maddanyň üstünden bardylar. ABŞ-nyň we Şweýsariýanyň alymlary “Murçison” meteorid daşynda ýyldyz bölejikleriniň 7,5 milliard ýyllykdygy mälim edildi.

Meteorid daşy mundan 51 ýyl ozal Awstraliýa gaçypdy. Asman jismindäki alnan bölejigiň ýaşyny kesgitlemek üçin onuň kosmos giňişliginde kosmiki şöhlelere sezewar bolandygy barladylar. ABŞ-nyň Çikago uniwersitetiniň alymy Filip Hek onuň hakyky asman giňişliginiň bölejigidinigi mälim etdi.

Şu güne çenli şeýle bölejikleriň ýaşy ortaça 4,6 ýa-da 4,9 milliard ýyl hökmünde kesgitlenýärdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasy: Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaşymyz

Türkmenistanyň Prezidenti Emomali Rahmony doglan güni bilen gutlady

Teswirle