DÜNÝÄ

Dünýäniň iň beýik nokady satuwa çykaryldy

Dünýäniň iň beýik binasynyň iň ýokary gatynda ýerleşýän synlaýyş meýdançasy satuwa çykaryldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Dubaý şäherindäki beýikligi 828 metrlik “Burj Halifa” binasynyň synlaýyş meýdançasy üçin 1 milliard dollar baha kesgitlendi.

Häzirki wagtda dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýan “Burj Halifa” binasynyň synlaýyş meýdançasyny BAE-niň gozgalmaýan emläk bazarynda işleýän “Emaar Properties” şereketi satuwa çykardy. Bu synlaýyş meýdançasy her ýyl 16 million syýahatçy kabul edýär we girdejisi 190 million dollara deňdir.

160 gatdan ybarat bolan “Burj Halifa” binasy 2010-njy ýyldan bäri dünýäniň iň beýik binasy diýen rekordy eýeläp gelýär.

Ýene-de okaň

Kanada Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy

Belarusda prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň ses berişlik başlandy

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy

Prezident Trampyň hödürlän ýolbaşçylary