TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýäniň ilkinji 5G ulgamly planşeti

5G tehnologiýaly mobil aragatnaşyk enjamlary kem-kemden durmuşymyza aralaşyp başlady. Dünýäniň köp ýurdunda 5G tehnologiýasy synagdan geçirildi we geçirilýär. Ine, şu döwürde 5G tehnologiýasy bilen işlemäge ukyply Koreýä Respublikasynyň“Samsung” kompaniýasynyň “Galaxy Tab S6 5G” planşeti köpçülige hödürledi. Bu planşet şu günden başlap, satuwa çykaryldy.

Bu enjamyň gurluşy geçen ýyl öndürilen «Galaxy Tab S6» bilen deňdir. Häzirlikçe bu planşet diňe Koreýa Respublikasynda satylýar. 6 gigabaýt işleýiş ulgamly 128 gigabaýt ýady bilen bu planşet 999 müň 900 won (takmynan 850 dollar) möçberinde satylyp başlady.

Şeýle hem “Samsung” kompaniýasy 2019-njy ýylda 5G smartfonlaryň önümçiliginde dünýäde ikinji orny eýeledi. Bu kompaniýa  6,7 million 5G ulgamly telefon öndürip, bu bazaryň 35,8 göterimini eýeledi. Kompaniýanyň “Galaxy Note 10 5G” hem-de “Galaxy S10 5G” telefonlary has meşhurdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle