BIZNES

«Dneprowagonmaş» hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýär

Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen ilkinji hyzmatdaşlyklaryny 2013-nji ýylda ýolup başlan «Dneprowagonmaş» paýdarlar jemgyýeti bilelikdäki işleri mundan beýläk hem dowam etdirmäge taýýar.

Ýurdumyza birnäçe gezek ýük wagonlaryny we maşyngurluşyk pudagynyň beýleki önümlerini eksport eden paýdarlar jemgyýeti täze teklipler bilen türkmen hususyýetçilerine ýüz tutýar. Teklipler oňlanylan ýagdaýynda ol türkmenistanly telekeçiler bilen onlaýn duşuşyklary geçirmäge taýýar.

Şeýle hem, kompaniýa önümçilik mümkinçilikleri, kuwwaty, önümleri bilen tanyşmak we hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistandan wekilleri kabul etmäge taýýardyr.

Ýene-de okaň

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy

Azerbaýjan, Hytaý we Gazagystan Baku portunda ýük terminalyny gurar

Ata Watan Eserleri

Akylly gaz toruny dolandyrmakda emeli intellekt mümkinçilikleri ulanylar

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş

Ata Watan Eserleri

«ADIPEC-2024» halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy

“Daýhanbank”: “Talyp karzy” we “Toý karzy” hyzmatyny hödürleýär