TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäde iň uly ýahta ýasalýar

Rumyniýada dünýädäki iň uly ýahta ― REV Ocean suw giňişligine düşürildi diýip, «Forbes» habar berýär. Ony Norwegiýanyň «Forbes» sanawynda ikinji orunda durýan Kelle Inge Rekkeniň ýolbaşçylygyndaky topar ýasady. Täze ýahta, esasan, balyk awlamak üçin ulanylar.

Täze ýahtanyň uzynlygy 182 metrden hem geçýär. Bu uzynlyk ony dünýäde iň uly ýahta diýip hasaplamaga mümkinçilik berýär. Mundan ozalky rekord BAE-li şeýh Halifa ibn Zaýd al-Nahýana degişli bolup, «Azzam» diýlip atlandyrylan ýahta 2013-nji ýylda ýasalypdy. REV Oceanyň agramy bolsa 17 440 tonna ýetýär. Ýöne ýahta agram babatynda rekordy täzeläp bilmedi. Agram babatyndaky rekord özbegistanly Alyşer Usmanowyň «Dilber» atly ýahtasyna degişlidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle