TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäde iň gymmat hurma

NHK teleýaýlymyň berýän habaryna görä, Ýaponiýanyň Nagoýa şäherindäki merkezi bazarda «Tenkafubu» diýlip atlandyrylýan hurmanyň iki sanyny 700 müň ýene (6444 ABŞ dollary) satyldy.

Hurmanyň bu görnüşine Ýaponiýanyň milli gymmatlyklarynyň biri hökmünde garalýar. Onuň ady bolsa Ýaponiýanyň milli gahrymanlarynyň biri Oda Nabunaginiň möhürindäki ýazgydan alnypdyr.

Tenkafubu hurmasynyň bahasy Ýaponiýada hiç haçan hem arzan däl. Käbir döwürlerde onuň bahasy 320 müň ýene çenli ýetipdir. Bu hurmanyň biriniň agramy 300 grama barabar. Tenkafubuny ýetişdirmek üçin 11 ýyl gerek.

Satylan hurmalardaky şekeriň derejesi Brikisiň şkalasyna görä, 25 derejeden hem köp. Adaty hurmalarda şeker 15 ― 16 derejeden geçmeýär. Iki hurmany 6444 dollara satyn alan müşderiniň ady belli edilmeýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle