JEMGYÝET

Dünýä çempionaty: Braziliýa ynamly öňe barýar

Şu ýylyň 14-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynda badalga alan futbol boýunça dünýä çempionatynda 1/8 finalyň duşuşyklary geçirilýär. Şu gün bu finalyň soňky oýunlary oýnalar. Düýnki duşuşyklarda Braziliýa dünýäniň beýleki futbol ägirtleri Argentina, Ispaniýa we Portugaliýa ýaly, dünýä çempionaty bilen hoşlaşman, ynamly öňe barýar.

Düýnki duşuşyklaryň ilkinjisi Braziliýa bilen Meksikanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirildi. Neýmar, Koutinio, Firmino, Paulinio, Tiago Silwa, Jesus ýaly dünýä belli futbolçylary bilen dünýäniň 5 gezek çempiony bolan Braziliýa Meksikanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda utmagy başardy. Duşuşykda 1 gol we beýleki goluň pasyny geçiren Neýmar öňe saýlandy. Braziliýanyň gollary duşuşygyň 51-nji minutynda Neýmar we 88-nji minutynda Firmino tarapyndan tora girizildi. Meksikanyň ýygyndysy gaty gowy oýun görkezse-de, duşuşykda tapawutlanyp bilmedi.

Şeýlelikde Braziliýanyň ýygyndysy çärýek finala (1/4) çykdy. Braziliýanyň topary düýnki geçiren 2 pökgüsi bilen dünýä çempionatlaryndaky pökgüleriň sanyny 228-e ýetirip, bu ugurda birinjiligi eýeleýär. Bu sanawda ikinji orunda Germaniýa barýar we onuň gol sany 226-a deňdir. Üçünjiligi 134 gol bilen Argentina eýeleýär.

Şeýle hem düýn Ýaponiýa bilen Belgiýanyň ýygyndylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk hem örän çekeleşikli we geçirilen pökgileriň köplügi bilen janköýerleriň söýgüsine mynasyp boldy. Ýaponiýa 48-nji minutda Haraguti we 52-nji minutda Iniu bilen öňe saýlandy. Ýöne belgiýalylar pursaty elden bermän, 69-nji minutda Wertongen, 74-nji minutda Fellaini hem-de 90+4-nji minutda Şadliniň geçiren gollary bilen Ýaponiýany 3:2 hasabynda utup, ¼ finala çykdy.

Belgiýanyň çärýek finaldaky (¼ final) garşydaşy Braziliýa boldy.

Dünýä çempionatynda 1/8 finalyň soňky duşuşyklary şu gün geçirildi. Indi toparlar birnäçe gün dynç alyp, 6-njy iýulda ¼ finalyň duşuşyklaryna girişerler.

3-nji iýulyň duşuşyklarynyň sanawy:

19:00 Şwesiýa – Şweýsariýa :1:0

23:00 Kolumbiýa – Angliýa :1:1 (Penalty 3:4)

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi