JEMGYÝET

“Disneý” seýilgähleriniň işgär sany azaldy

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaý sebäpli ABŞ-nyň Orlando şäherindäki dünýäniň iň köp gelim-gidimli ýeri bolan “Walt Disney World” seýilgähiniň 43 müň işgäri işsiz galdy. “Forbes” neşiriniň habaryna görä, 16-njy martdan bäri ýapyk bolan “Orlando Jadyly Patyşalyk” seýilgähi kärdeşler arkalaşyklary bilen şertnama baglaşdy we 19-njy aprelden başlap, seýilgähler açylýança işlerinden boşadylar. Işden çykaryljak işgärleriň aglabasy howpsuzlyk işgärleri we desgalary dolandyrmak bilen meşgullanýan işgärlerdigi mälim edildi. Kompaniýa işgärlere 1 ýyla çenli saglyk ätiýaçlandyryşyny tölär. “Disneýiň” dünýäniň dürli künjeklerindäki seýilgähleriň haçan açyljakdygy entek belli däl. “Forbes” neşiriniň belläp geçmegine görä, “Disneý” dünýäde köp sanly işgäri bolan iri kompaniýalaryň biridir.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar