TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dişleri sagdyn saklamak üçin sarp edilmeli önümler

Sagdyn dişler  ýylgyryşyň  ajaýyp bezegdir. Irki döwürlerde adamyň saglygy we iş ukyby dişler bilen kesgitlenýärdi. Häzirki wagtda owadan ýylgyryş adamyň özüne çekijiliginiň möhüm aýratynlygydyr. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ýola goýmagy aňsatlaşdyrýar, jemgyýetde üstünlik gazanmaga kömek edýär. Kitaplarda dişleriň iýmitlenmäge hyzmat edýän agyz boşlugynda süňk emele gelýändigi aýdylýar. Mundan başga-da, köp sesleriň aýdylyşynda möhüm rol oýnaýarlar. Dişler diş jübüsinde ýerleşýär. Diş etiniň esasy wezipesi dişleriň gowşamagyndan we ýykylmagyndan goramakdyr.

Diş we diş eti üçin sagdyn önümler bilen iýmitlenmelidir.Olar:

Käşirde-agzyň we diş etiniň gyjyndyrmasy üçin peýdaly karotini öz içine alýar. Diş emeli güýçlendirýär. Çig görnüşinde dişler we diş etleri üçin ajaýyp tälimçidir.

Süýtde-dişler üçin gurluş bölegi bolan kalsiý bar.

Balykda-dişler üçin zerur bolan fosfor bar.

Otlar-organiki kalsiniň ajaýyp çeşmesi.

Kelemde-beýleki peýdaly elementleriniň köp bolmagy sebäpli bedeniň alyş-çalşyny dikeldýär.

Alma-diş etine minerallardan demir kömek etýär

Kädi-onda ftorid, sink we selen bar. Dişleri ajaýyp saklaýar, güýçlendirýär we sagdyn edýär. Agyz boşlugynda gan aýlanyşyny güýçlendirýär.

Sogan-C witamini, fitonidler bar. Diş etini berkitmäge kömek edýär.

Bedeniň sazlaşykly mehanizm hökmünde işlemegi üçin ony peýdaly iýmitler – ýaglar, beloklar, uglewodlar, minerallar we witaminler bilen üpjün etmek möhümdir.

-Kalsiý dişleriň we süňkleriň esasy elementidir;

  • Ftor emeli güýçlendirýär, kislotalaryň diş dokumalaryna ýaramaz täsiriniň öňüni alýar;
  • Fosfor – Ca-nyň siňdirilmegini üpjün edýär;
  • Demir – ýumşak dokumalaryň peýdaly maddalary bilen ýeterlik iýmitlenmek üçin zerurdyr;
  • “D” witamini – bedeniň içki goraglaryny ýokarlandyrýar, kalsiý bilen fosforyň deňagramlylygyny kadalaşdyrýar;
  • “C” we “A” witaminleri – gan damarlaryny güýçlendirýär, umumy güýçlendiriji täsir edýär.

Wekilow Şöhrat

TOHU-nyň mugallymy

“Hugo Boss” markasynyň taryhy

 

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle