Türkmen ýaşlary häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetlerinde hem bilim alýarlar. Köp sanly okyjylarymyzyň haýyşyny nazara alyp, esasan hem daşary ýurda okuwa gitmek isleýän raýatlarymyz üçin maglumatlaryň elýeterli bolmagyna goşant goşmak maksady bilen daşary ýurtda bilim almak bilen baglanşykly habarlarymyzy ýaýratmaga dowam edýäris. Bellemeli zat, bilim we migrasiýa bilen baglanşykly habarlarymyzda berilýän maglumatlar, degişli edaralaryň web saýtlarynda ýa-da edaralaryň maglumat tagtalaryna öňden ýerleşdirilen maglumatlaryň habarlaşdyrylan görnüşi bolup, halk köpçüligine peýdaly bolmasyny gazanmak maksady bilen saýtymyza ýerleşdirilýär.
Şol sebäpli, bu habarymyzda bolsa, daşary ýurt döwletlerinde berlen diplomy Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny ýetirýäris.
- Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el yazuwynda)
- Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa;
- Bellenen nusga boýunça özi we üç arkasy barada maglumat (nusga boýunça)- 2 sany
- 4 sany 3×4 fotosurat;
- Görkezilen nusga boýunça okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnama (türkmen dilinde terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
- Türkmen diline resmi terjime edilen Diplomyň 2 sany göçürmesi (GDA agzasy bolmadyk ýurtlarda berilen diplom kanunlaşdyrylan bolmaly);
- Türkmen diline resmi terjime edilen diplomyň goşundusynyň (ýa-da Diplom Supplement) – 2 sany göçürmesi;
- Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
- GDA agza ýurtlaryň okuw mekdepleriniň akkreditasiasynyň (terjimesi bilen) okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany nusgasy
- Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademik kepilnama getirmeli ( terjimesi bilen) – 2 sany (akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan halatynda, okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan nusgasy hökman bolmaly);
- Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
- Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
- Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;
- Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany nusgasyny getirmeli( iş kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);
- Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magstr derejesi hakynda resminama, orta hünär bilimiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň terjime edilen göçürmeleri we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň nusgasy – 2 sany
- Resminamalar tabşyrlanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň, kepilnamalaryň asyl nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylýan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli.
- Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.
Resmimalaryň Terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine hem ýüz tutup bilersiňiz !
Habarlaşmak üçin:
Aşkabat, Oguzhan-Ankara Caddesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401
E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com
Telefon : +993 63 78 96 73 (Türkmenistan)
Resmi Line ID : @makulhyzmat
Resmi Line Hesabı : https://line.me/R/ti/p/%40makulhyzmat
Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin
Atawatan Danyşmanlyk LTD şereketine
Ýüz tutup bilersiňiz
Habarlaşmak üçin
Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul
E: Mail Adres : tercume@atavatan-turkmenistan.com
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)