TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Diplom ykrar etmek :Döwlet Synaglarynyň Guralyşy

Daşary ýurtlarda alynan diplomlary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersler boýunça Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar.

Döwlet synaglary  Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim edaralarynda guralýar we geçirilýär.

Döwlet synag topary Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwlet synag toparlary hakyndaky Düzgünnamada bellenilýän tertipde döredilýär.

Döwlet synaglary ýylda 4 gezek (fewral, maý, sentýabr we noýabr aýlarynda) döwlet dilinde geçirilýär.

Resminamasynyň Türkmenistanda ykrar edilmegine dalaş edýän Döwlet synagy boýunça kanagatlanarsyz baha alan halatynda nobatdaky synag aýlarynda synag tabşyran okuw mekdebine ýüz tutmak arkaly Döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyryp biler. Şunda degişli okuw mekdebi ýüz tutýana gaýtadan Döwlet synagyny tabşyrmak üçin mümkinçilik döretmelidir. Döwlet synaglary gaýtadan tabşyrylanda şu Gözükdirijiniň dokuzynjy böleginiň 7-nji bendinde bellenilen maslahat okuwlary ýa-da goşmaça tölegli okuwlar gaýtadan geçilmeýär.

Döwlet synaglaryna taýýarlamak üçin Türkmenistanyň degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleri şu aşakdaky okuwlary guraýarlar:

1) Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş dersleriniň soraglaryny öz içine alýan Döwlet synagyna taýýarlamak üçin maslahat okuwlary;

2) alnan hünärine (taýýarlygyň ugruna) degişli dersleriň soraglaryny öz içine alýan Döwlet synagyna taýýarlamak üçin maslahat okuwlary.

Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 1992-nji ýylyň 31-nji dekabryndan öň okuwa girenleriň Resminamalary, bilim almagyň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň Döwlet synaglaryny tabşyrmazdan ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçenleriň ýa-da şu Gözükdirijiniň on altynjy bölegine laýyklykda synaglardan boşadylanlaryň  Resminamalarynyň ykrar edilendigi barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky Ykrar şahadatnamasy berilýär.

Ykrar şahadatnamasy daşary ýurt döwletinde berlen resminamanyň asyl nusgasy bilen bilelikde hukuk güýjüne eýedir.

Ykrar şahadatnamasyny taýýarlamagyň, saklamagyň, hasaba almagyň, doldurmagyň we Resminamanyň eýesine  gowşurmagyň düzgünleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan tertibe laýyklykda kesgitlenýär.

 

Daşary ýurtda bilim almak we diplom ykrar etmek baradaky habarlaryň linklerini Size ýetirýäris 

 

Ýokary Okuw jaýlary baradaky habarlaryň linkleri

İstanbul Yeni Yüzyıl Üniversitesi: Tıp, Dış Hekimliği, Eczacılık ve Mühendislik

Bahçeşehir Uniwersiteti: Sanawdaky Ýokary okuw jaýy

 

Diplom ykrar etmek baradaky habarlaryň linkleri

Sanawda bolmaýan, Ykrar edilýän abraýly ýokary okuw jaýlar

Diplom Ykrar Etmek: Zerur Resminamalar

Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary

 

Sanawa giren ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary baradaky habarlaryň linkleri

Türkiýäniň iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

GDA agza ýurtlaryň hünär bilim edaralaryň iň abraýlylaryň sanawy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň  halkara sanawa giren abraýly ýokary okuw jaýlary

Hytaýyň iň abraýly ýokary okuw jaýlary

Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

 

Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlary baradaky habarlaryň linkleri

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Jaýlary

 

 

Türkiýede bilim almak üçin

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi, Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Gat:4 Fatih/ İstanbul

E-mail : atavatanltd@gmail.com

Telefon:

+90 532 401 71 52

+90 530 251 36 73

+90 212 633 40 00

 

Resminamalaryň terjimesi üçin

Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime” Aşgabat:

+993 63 78 96 73

+ 993 12 96 48 55

+993 62 60 52 61

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail : makulhyzmat@gmail.com

“Makul Terjime”: Türkmenabat

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle