TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Diogo Jota “Liwerpul” bilen şertnamany täzeledi

Angliýanyň Premýer-ligasynyň “Liwerpul” kluby portugaliýaly hüjümçi Diogo Jotanyň şertnamasyny uzaltdy.

Klubyň beren beýanatynda 25 ýaşly oýunçynyň şertnamasyny 2027-nji möwsüminiň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşyk gazanylandygy mälim edildi.

2020-nji ýylda 45 million ýewro transfer tölegi bilen “Wolwerhampton” toparyndan transfer edilen Diogo Jota “Liwerpul” üçin geçirilen 85 duşuşykda 34 gol geçirdi.

Angliýanyň çempioantynda çempion üçin bäsleşýän “Liwerpul” topary 75 million ýewro töläp, “Benfika” toparyndan Darwin Nunýesi satyn aldy. Şeýle hem topar düzümindäki güýçli ýarymgoragçy senegally Sadio Maneni 32 million ýewro “Bawariýa” toparyna satdy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň senesine üýtgeşiklik girizilýär

Ata Watan Eserleri

Ýewropanyň “naýbaşysy” – “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri