TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Diller hakynda gyzykly maglumatlar

  • Dünýäde 7000-den gowrak dil bar we olaryň köpüsi şiwelerdir.
  • Iňlis dilindäki “alphabet” sözi Grek elipbiýiniň ilkinji iki harpyndan gelip çykýar – “alpha” we “beta”
  • Fransuz dili Beýik Britaniýada öwredilýän esasy daşary ýurt dilidir.
  • Hawaýlylarda “ýagyş” sözi üçin 200-den gowrak dürli söz bar.
  • Ýaponlar üç dürli ýazuw ulgamyny ulanýarlar: Hiragana, Katakana we Kanji.
  • Demirgazyk Koreýada we Günorta Koreýada gürleşilýän diller tapawutlydyr. Uzak wagtlap aýrylandygy sebäpli olaryň aýratyn sözlük düzümi we grammatiki düzgünleri bar.
  • ABŞ-da ispan dilinde gürleýänleriň sany boyunça Meksikadan soň ikinji ýerde durýar.
  • Fin diliniň iň uzyn sözi epäjärjestelmällistyttämättömyydellär şübheli diýmegi aňladýar.
  • Hytaý dilinde 50.000-den gowrak iýoroglif bar. Gazet okamak üçin 2.000 sany iýoroglif bilmelisiňiz.
  • Iňlis diline “queue” sözi soňky dört harpy öçürilen halatynda hem şol bir ses bilen aýdylýan ýeke-täk sözdür.
  • Hytaý dili dyngy belgilerini ulanmagy talap etmeýär.
  • Taý dilinde ‘s’ ýazmagyň dört dürli we ‘t’ ýazmagyň alty dürli ýollary bar.
  • Wenger dili goňşy dilleriniň hiç biri bilen baglanyşykly däldir.
  • Grek dili miladydan öňki XIV asyrdan bäri bar.
  • Italýan dili – iňlis, fransuz, ispan we nemes dillerinden soň iň köp okadylýan bäşinji dil.
  • Arap dili 22 ýurduň resmi dilidir.
  • Londonda 300-den gowrak dilde gürleşilýär.
  • Häirki wagtda dünýäde 6909 sany janly diller bar.

 

Agajanowa Gülälek,

  Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň 

“Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň talyby

     

 

Buraw gämisi çuňluk rekordyny goýdy

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle