TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

«Diller dünýäsi» körpelere-de daşary ýurt dillerini öwredýär

Türk­me­nista­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň paýtagtda ýerleşýän «Dil­ler dün­ýä­si» dil mer­ke­zinde dür­li ýaş­da­ky ra­ýat­la­ry­my­za da­şa­ry ýurt dil­le­riniň bir­nä­çe­si we şol san­da kompýu­ter sow­at­ly­gy­ny öw­ret­mek ýa­ly asylly iş­ler ýo­la goý­lup­dyr. Onda iň­lis, rus, ne­mes, arap, hy­taý, ýa­pon dil­le­rin­den we mate­ma­ti­ka, komp­ýu­ter ýa­ly ugur­lardan ýaş ne­sil­le­re döw­re­bap bi­lim be­ril­ýär. Bu merkeziň işi barada «Türkmen dili» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Hä­zir­ki wagt­da dil öwre­diş bö­lüm­de 633 diň­leý­ji, mekde­be taý­ýar­lyk bö­lüm­de bol­sa 460 ça­ga döw­re­bap bi­lim al­ýar. Şu güne çen­li 3230 diň­leý­ji­niň oku­wy tamamlandygy hem-de olardan 2674 diň­leý­ji­niň oku­wy üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy­gy buýsandyryjy hakykatdyr.

Okuw­lar döw­rüň ta­la­by­na gö­rä saz­la­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar, ça­gala­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil de­re­je­de öw­ren­mek­le­ri üçin dür­li tej­ri­be­ler­den we usul­lar­dan ýerlik­li peý­da­la­nyl­ýan­dy­gy ün­sü­ňi çek­ýär. Bu ýer­de ça­ga­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de, döwre­bap okuw ki­tap­la­ry, mul­ti­me­dia we komp­ýu­ter en­jam­la­ry giň­den ula­nyl­ýar. Ders­le­riň ça­ga­la­ra has gy­zyk­ly, düş­nük­li bol­ma­gy üçin okuw­lar ýö­ri­te en­jam­laş­dy­ry­lan in­te­rak­tiw usul­da ama­la aşy­rylýar.

Merkeziň mek­de­be çen­li taý­ýar­lyk bö­lümin­de ça­ga­lar türk­men we rus, iň­lis dil­le­rini öwrenýärler.

Ýene-de okaň

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Teswirle