TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dil öwrenmek baýlykdyr

Hormatly Prezidentimiz öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda we taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň kämil bilim ulgamy döredilip, ýaş nesillermiziň döwrebap bilim almagy,ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagy, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar we ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilimiň mazmunyny kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak baradaky aladalary netijesinde döwrebap enjamlaşdyrlan umumybilim berýän mekdeplerde ýaş nesle döwrüň  ösen talaplaryna laýyk derejede bilimdir terbiýe berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň her bir raýatynyň azyndan üç dili ene dilini, iňlis dilini we rus dilini kämil bilmeklerini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýýan strategik wezipesinden ugur alnyp, ýokary we orta okuw mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri üçin maksatlaýyn işler geçirilýär.

Hususan-da, soňky döwürde iňlis dilini öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Iňlis dilini öwrenmek üçin tehnologiýanyň soňky gazananlary hem ykjam ýardam edýär. Häzirki wagtda ykjam programmalar arkaly iňlis dilini öwrenmeklige giň şertler döredilýär. Şeýle hem onlaýn sözlükler hyzmat edip, olar hem dil öwrenmekligiň binýady bolup durýar.

Täze döredilýän ykjam programmalar bilen iňlis diliniň «Beginner-Elementary», «Pre-Intermediate», «Upper-Intermediate», «Advanced» derejelerini öz içine alyp, synaglary, sözleri, tekstleri we iňlis diliniň grammatikasyny türkmençe düşündirilişiniň üsti bilen özleşdirmäge kömek eder.

Häzirki zaman dünýäsinde daşary ýurt dillerine uly isleg bildirilýär. Iňlis diliniň manysy bilimiň alamatydyr. Dil bolmasa, işde üstünlik gazanmak, dünýäni gezmek, synag tabşyrmak we hyzmatdaşlar bilen gepleşik geçirmek aňsat düşmeýär.

Ýaşlaryň iňlis dilini öwrenmekleri üçin ilki bilen özlerini dogry höweslendirmegi maksat edinmeli. Okuw maksatnamasy düzüp, yzygiderli okuw sapaklary geçmeli. Iňlis dilinde gürleýän adamlar bilen yzygiderli söhbetdeşlikde bolmak dil öwrenmek üçin amatlylyk bolup durýar.

Iňlis dilini öwrenmek üçin ilki bilen öz dil derejesiňizi kesgitläp, şoňa görä-de öwrenmäge girişmek has maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem dil öwrenmek üçin amatly kitaby saýlamak hem möhümdir.

Umuman, dil öwrenmek adamda dürli päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän açar bolup durýar. Şonuň üçin dil baýlygy möhümdir.

Gözel Çaryýewa, 

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

9-njy mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle