TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dil bilmek – üstünligiň açary

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýur­du­myz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Hut şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň bi­lim ojak­la­ryn­da ýaş­la­ra bi­lim ber­mek bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni hem öw­ret­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­rin­de dür­li bäs­le­şik­ler, me­de­ni çä­re­ler, şol san­da dil hep­de­lik­le­ri ge­çi­ril­ýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek hem-de olaryň bu ugra bolan höwesini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýär. Dil adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň we kämil başlangyçlary beýan etmegiň möhüm guralydyr. Hut şonuň üçin-de, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, okatmagyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmak işine, okuwçylaryň, talyplaryň gepleşik we dil ukyplarynyň kämilleşdirilmegine, okuw maksatnamasyna lingwistika babatda täze usullaryň girizilmegine gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar.

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn gül­läp ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­mak döw­re­bap bi­lim­li ýaş­la­ra bag­ly bo­lup dur­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ma­k we onuň ab­ra­ýy­ny hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­kar­lan­dyr­ma­k, dün­ýä­niň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ga­za­nan­la­ryn­dan ha­bar­ly, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mek bu işiň öze­ni­ni düz­ýär. Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­mak­da we bu ugur­da bi­lim ber­me­gi in­no­wa­sion çe­me­leş­me­ler esa­syn­da alyp bar­mak­da mu­gal­lym­la­ryň aý­ra­tyn or­ny bar­dyr.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­ýän ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Di­ýa­ry­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler has-da dö­re­di­ji­lik­li, ne­ti­je­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Eş­ret­li dur­muş hal­ky­my­zyň ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär. Bu gün­ki gün­de ýaş­la­ryň bi­lim­le­ri­ni köp­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge we kä­mil­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň halkara dil hökmünde ykrar eden ilkinji dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Tehnologiýalar ulgamynda häzirkizaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köpsanlysy iňlis dilindedir. Häzirki wagtda ylym, tehnologiýa ýa-da halkara aragatnaşyklar bilen meşgullanýan hünärmenleriň işlerini üstünlikli guramaklyk üçin iňlis diliniň orny uludyr.

Köp dil bil­mek el­ýet­mez baý­ly­ga — ru­hy baý­ly­ga eýe bol­mak­dyr. Dil­le­ri öw­ren­mek ar­ka­ly hü­när­li ýaş­lar ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne go­şant goş­ýar­lar. Has ta­ky­gy, dil ara­gat­na­şyk se­riş­de­si bol­mak bi­len ylym­la­ryň hem çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Da­şa­ry ýurt di­lleri­ni bil­ýän kä­mil hü­när­men­ler dün­ýä­niň yl­my ede­bi­ýat­la­ry­ny öz­leş­dir­me­gi ba­şar­ýarlar. Şo­nuň üçin hem dil eg­sil­mez baý­lyk, ylym­la­ryň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar.

Ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de döw­re­bap usul­la­ryň, ki­tap­la­ryň, söz­lük­le­riň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Hä­zir­ki wagt­da mu­gal­lym­lar ta­lyp­la­ryň oka­mak ukyp­la­ry­ny hem ös­dür­ýär­ler. Oka­mak da­şa­ry ýurt di­li öw­re­nil­ýän dö­wür­de ta­lyp­la­ryň ka­bul et­me­li esa­sy ba­şar­nyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu­lar­dan baş­ga-da, bu di­ňe bir bi­lim ber­mek mak­sa­dy däl-de, eý­sem, da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­giň se­riş­de­si bo­lup dur­ýar. Ta­lyp­lar oka­ýan wag­tyn­da ses­le­ri we harp­la­ry, söz­le­ri we gram­ma­ti­ka­ny gaý­ta­la­ýar­lar, söz­le­riň ýa­zy­ly­şy­ny, söz­le­riň we söz dü­züm­le­ri­niň ma­ny­sy­ny öw­ren­ýär­ler. Şeý­le hem ta­lyp­lar oka­mak ar­ka­ly da­şa­ry ýurt di­lleri­ni oňat öz­leş­dir­ýär­ler.

Serdar Baýramow, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Diller kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle