Diego Maradona – 60 ýaşady

Argentinanyň we dünýä futbolynyň taryhyna adyny altyn harplary bilen ýazdyran Diego Armando Maradona 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde doguldy we dünýä belli oýunçy şu gün 60 ýaşyny belleýär. Milli ýygyndyda-da we topar karýerasynda-da hereketleri we zehini bilen saýlanan Maradona 9 ýaşynda futbol karýerasyna “Estrella Roja” toparynda başlaýar.

Soňra 16 ýaşyna ýetmänkä eýýäm professional şertnama baglaşýar. Diego Maradona üstünlikli karýerasy 1982-nji ýylda “Boka Huniors” toparynda başlaýar. Bir möwsüm bu toparda çykyş edip, soňra Ispaniýanyň ägirt toparlaryndan biri bolan “Barselona” toparyna transfer bolýar. Kataloniýa topary şol wagt Maradona üçin iň ýokary şertnama hökmünde 5 million ýewro töleýär. “Barselona” toparynda iki möwsümi geçiren argentinaly ýyldyz “Copa Del Reý”, Ispaniýanyň Super kubogyny gazanýar, ýöne toparyň ýolbaşçysy bilen oýunçynyň arasynda düşünişmezlikler ýüze çykyp, Maradona Italiýanyň “Napoli” topary bilen 6,9 million funt-sterling möçberinde şertnama baglaşýar.

Diego Maradona “Napoli” toparynyň janköýerlerinde uly ynam döretdi. 1987-1988 möwsüminde Italiýanyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy we topar bilen Italiýanyň kubogyny, Italiýanyň Super kubogyny we UEFA Ýewropa ligasynyň çempiony we iki gezek Italiýa ligasynyň çempiony bolmagy başardy.

1986-njy ýylda dünýä çempionatynda Argentina milli ýygyndysy bilen ýeňiji boldy. Onuň finalda Angliýa futbol milli ýygyndysyna eli geçiren goly, “Taňrynyň eli” diýip atlandyryldy. “Napoli” futbol toparyndan soňra “Sewilýa” we “Old Boýs” toparlarynda çykyş etdi, özüniň futbol karýerasyny bolsa 1997-nji ýylda “Boka Huniors” topary bilen tamamlady. Diego Armando Maradona 2008-nji ýylda Argentina milli ýygyndysyna tälimçi bellendi. 2010-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Argentina, Germaniýa futbol milli ýygyndysynda 4-0 hasabynda utuldy we Maradona şondan soňra işden çekildi. Argentinaly ýyldyz, 2019-nji ýylyň möwsüminde ýolbaşçylyk eden Argentinanyň “Gimnasia de La Plata” toparynyň dolandyryjysy bolmagyny dowam etdirýär.

 

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar