TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dialog — parahatçylygyň kepili

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ählumumy ösüşi üpjün etmegiň hemmeler üçin goldanarlyk milli nusgasyny döretdi. Şeýle tejribe ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň geosyýasy esasy bilen deň hatarda, geoykdysady mümkinçilikleriniň häzirki bir bitewüleşýän, täzelenýän dünýäde aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär etdi.

Şu günler ýurdumyzda baky Bitaraplyk baýramymyzyň şanly 27 ýyllyk toýy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Halkara Bitaraplyk güni — asudalygyň hem-de parahatçylygyň baýramy, halkymyza eşretli günleri bagyş eden mukaddesligiň baýramy.

Ine, şeýle günlerde ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi binasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Dialog  —  parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň goldanylyp, onuň netijesinde, «2023-nji ýyl  —  Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Ol hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ählumumy parahatçylyga ýugrulan daşary syýasatynyň nobatdaky üstünligidir.

Geçen ýyl Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş etdi hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek boýunça netijeli işlere başlady.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerine dürli Kararnamalaryň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklipleri hödürleýär. Häzire çenli Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň hödürlemegi netijesinde Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi. Häzirki 77-nji mejlisde ýurdumyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamagy teklip etdi. Şeýle hem 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi mizemez gymmatlygymyz, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin, gülleýän durmuşy berdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyny biragyzdan ykrar edýär.

Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagy Türkmenistanyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu düzüm häzirki döwürde sebitiň döwletleriniň arasynda işjeň we birek-birege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.

Ertir, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli halkara ähmiýetli çäreleriň hatarynda  “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahaty hem geçiriler. Umuman, «Dialog — parahatçylygyň kepili» ätly ählumumy başlangyç häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň düýbüni tutujy taglymat bolup durýar.

Ejeş Taganowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle