PEÝDALY MASLAHAT

Derňew meseleleri bilen bagly ýüze çykýan soraglara jogaplar

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda derňew meseleleri bilen bagly ýüze çykýan soraglara  şeýle jogaplar berilýär.

Jenaýat jogapkärçiligi näçe ýaşda ýüze çykýar?

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 21-nji maddasyna laýyklykda, jenaýat jogapkärçiligine jenaýat eden wagtyna çenli on alty ýaşy dolan adamlar düşýär. Jenaýat eden wagtynda on alty ýaşy dolmadyk adamlaryň soňra bellenen ýaşa ýetmekleri jenaýat jogapkärçiligini ýüze çykarmaýar. Emma, jenaýatlaryň birnäçe görnüşleri boýunça on alty ýaşa ýetmedik, ýöne on dört ýaşy dolan adamlara hem jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Ýagny, bilkastlaýyn adam öldürendigi üçin (101-nji madda), saglyga bilkastlaýyn agyr şikes ýetirendigi üçin (107-nji madda), saglyga bilkastlaýyn ortaça agyrlykdaky şikes ýetirendigi üçin (108-nji madda), zorlandygy üçin (134-nji madda), ogurlyk edendigi üçin (227-nji madda), talaňçylyk edendigi üçin (230-njy madda), garakçylyk edendigi üçin (231-nji madda), gorkuzyp alandygy üçin (232-nji madda), kesekiniň ulag serişdesini bikanun eýeländigi üçin (234-nji madda), emlägi bilkastlaýyn ýok edendigi ýa-da zaýalandygy üçin (235-nji maddanyň ikinji bölegi), ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we partladyjy enjamlary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (291-nji madda), neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary satmak maksady bilen bikanun taýýarlandygy, gaýtadan işländigi, edinendigi, saklandygy, daşandygy, iberendigi üçin (292-nji madda), neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (294-nji madda).

Başga biriniň emläginiň seresapsyzlyk bilen zaýalanan ýagdaýynda nähili jogapkärçilik ýüze çykýar?

Kesekiniň emläginiň zaýalanylandygy ýa-da ýok edilendigini üçin, şeýle etmişleriň seresapsyzlyk bilen edilendigine garamazdan, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Olaryň haýsysynyň ýüze çykýandygy bolsa, zaýalanan ýa-da ýok edilen emlägiň möçberine bagly bolup durýar. Ýagny, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 94-nji maddasynyň belligine laýyklykda, ýetirilen zyýanyň möçberi zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden geçmese administratiw jogapkärçiligi, şol möçberden geçen ýagdaýynda bolsa, jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýyndaky 5594 belgili Permany esasynda, jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary, ýagny zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň birisi 300 manat hasaplanylýar. Şeýlelik-de, ýetirilen zyýanyň möçberi 1 500 manatdan geçen ýagdaýynda jenaýat jogapkärçiligi, geçmedik ýagdaýynda bolsa, administratiw jogapkärçiligi ýüze çykýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1027-nji maddasyna laýyklykda, başga biriniň emläginiň seresapsyzlyk bilen zaýalanandygy üçin maddy jogapkärçilik, ýagny ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjy ýüze çykýar. Günäkäriň maddy jogapkärçilige çekilmegi, jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligini aradan aýyrmaýar.

Haýsy ýagdaýlarda ýol ulag hadysalary bilen baglanyşykly jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar?

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy we 326\1-nji maddalaryna laýyklykda, ulag serişdelerini dolandyrýan adam tarapyndan, olary dolandyrmagyň düzgünlerini ýa-da ýol hereketiniň kadalaryny bozmagyň netijesinde adam ölüminiň ýüze çykmandygyna garamazdan, uly möçberde, serhoş ýagdaýdaky sürüjiler tarapyndan bolsa, uly bolmadyk möçberde maddy zyýan ýa-da adamyň saglygyna agyr, serhoş sürüjiler tarapyndan bolsa, ortaça agyr şikes ýetirilen ýagdaýlarynda jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Saglyga ýetirilen zyýanyň agyrlyk derejeleri kazyýet lukmançylyk seljermeleriniň esasynda kesgitlenilýär. Ýokarda görkezilen maddalaryň belliklerine laýyklykda, ýetirilen zyýanyň möçberi zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden artyk bolsa uly möçber, agzalan möçberden geçmeýän, ýöne onusyndan artyk bolsa, uly bolmadyk möçber hasaplanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýyndaky 5594 belgili Permany esasynda, jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary 300 manat hasaplanylýar. Şeýlelikde, ýetirilen zyýanyň möçberi serhoş adamlar tarapyndan 3 000 manatdan, serhoş bolmadyk adamlar tarapyndan bolsa, 22 500 manatdan geçen ýagdaýynda jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar. Ýokarda agzalan maddalaryň belliklerine laýyklykda, adamyň ölmegine getirmedik hem-de saglygyna zyýan ýetirmedik ýol-ulag hadysalary boýunça ýüze çykýan jenaýat jogapkärçiliginden, günäkär ýetirilen maddy zyýanyň öwezini doly möçberde hem-de meýletin dolan ýagdaýynda boşadylýar.

Nämeler para hasaplanylýar, para hökmünde berlen zatlar yzyna gaýtarylyp berilýärmi hem-de para bilen baglanyşykly jenaýatlarda haýsy ýagdaýlarda jogapkärçilikden boşadylýar?

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 184-nji maddasyna laýyklykda, puldan başga-da gymmatly kagyzlar, emläkler (maddy gymmatlyklar) we emläk görnüşindäki peýdalar paranyň närsesi bolup durýar. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 1997-nji ýylyň 28-nji aprelindäki «Parahorçulyk baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda» 5 belgili kararyna laýyklykda, para hökmünde berilýän pullar diňe nagt görnüşinde bolman, eýsem olar nagt däl görnüşinde, ýagny para alyjynyň, hasaplaşyk, depozit, broker ýa-da beýleki hasaplaryna geçirilen pullar hem bolup bilýär. Şeýle ýagdaýda gymmatlyklaryň maddy häsiýetli bolmagy hökmanydyr. Ýagny, şol emlägi islendik bir adam satyp, peýda alyp bolýan bolmalydyr. Onuň maddy häsiýeti bolmadyk ýagdaýynda, şol gymmatlyk paranyň närsesi hasaplanylmaýar. Mysal üçin, wezipeli adamyň haýyşy boýunça ol barasynda hakykata göz-görtele gabat gelmeýän seslenmäniň metbugatda çap edilmegi. Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we peýdalaryň hem emläk häsiýetligi bolmagy hökmandyr. Ýagny, şol hyzmatlaryň ýerine ýetirilendigi üçin töleg tölenmäge degişli bolmaly. Mysal üçin, syýahata ýollanmalaryň, ýol petekleriniň berilmegi, bejeriş, gurluşyk we beýleki işleriň edilmegi, toý hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi. Emma, şol hyzmatlary para diýip hasaplamak üçin olaryň mugtuna ýerine ýetirilmegi hem hökmandyr.

Ýer we beýleki gatnaşyklar bilen bagly köp ýüze çykýan soraglara kanuny jogaplar

 

Daşary ýurda okamaga gitjek raýatlaryň dykgatyna

 

 

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär