TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Deriden taýýarlanýan hojalyk önümleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esasy meseleleriň biri hem türkmen halkynyň  taryhyny, milli mirasymyzy has içgin öwrenmek meselesidir. Türkmen halkynyň milli taryhyny içgin öwrenip, dogryçyl ýazmak bilen bir hatarda, olaryň geçmişde döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmäge, şeýle-de durmuşa ornaşdyrmaga giň ýol açyldy. Munuň özi müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän nusgalyk medeni däplerimize dünýäniň ýüzünde wagyz etmäge we ýaş nesli atalarymyzyň ruhy ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge öz täsirini ýetirýär.

Asyrlar geçse-de özüniň milli gymmatlyklaryny saklap, ony nesillere miras galdyran millet iki sany bähbidi elden bermeýär: olaryň birinjisi milletiň gadymylygy we  milli aýratynlygyny gorap saklaýan millet hökmünde ýaşaýanlygy, ikinjisi nöz asyl ata-baba ýoly esasynda neslini terbiýeleýän millet hökmünde  taryha girmegidir. Pederlermiziň bize miras goýan şeýle milli gymmatlyklarynyň her biri taryhyň dowamynda uly gyzyklanma bilen öwrenilipdir, hiline ýokary baha berilipdir, ýerine ýetirlişinde inçe tilsimler, tejribeler ulanylypdyr we durmuş hajatlary üçin peýdalanylypdyr.  “Malym-janym” diýip öý haýwanlaryny ezizlän pederlerimiz ondan alynýan önümlere hem sarpaly çemeleşipdir.  Şolaryň biri-de deriden edilen önümlerdir. Deriden edilen önümler şol sanda deri gap-gaçlary halkyň maddy medeniýetiniň esasy elementleriniň biridir. Iňňän gadymdan bäri ýabany we öý haýwanlarynyň dersi  dürli kontinentleriň gündelik durmuşynda ulanylyp gelýär. Ilkidurmuş adamlary  ilki-ilkiler derini eýlemän  guradyp eşik tiken bolsalar, jemgyýetiň we medeniýetiň ösmegi bilen  adamalar derini berkidip eýlemek arkaly ýumşadyp, ony ýaşaýşyň  derwaýsyz taraplaryny kanagatlandyrmak üçin ulanypdyrlar. Şunlukda deri eýlemegiň dürli usullary ýüze çykypdyr

Ata-babalarymyz suwuk zatlary salmak üçin ulanan gaplaryna meşik ýa-da tulum diýip at berýär. Gatyk ýaýmak üçin ulanylýan meşigiň teke diýalektinde ýanlyk , alililerde  ýaýlyk, günbatar ýomut gepleşiginde, nohurlarda ýaýlyk, saryk we ärsary diýalektinde bolsa meşik ýa-da tulum diýipdirler. Geçi derisi meşik ýa-da tulum üçin has amatly hasaplanypdyr. Şu maksat bilen ulanyljak deriniň garnyny ýarman bitewiligine sypyryp alynýar.

Täze soýlan deriniň iç ýüzüne duz sepip, bir hepdä çenli saklapdyrlar. Derini duzda näçe köp saklasaň şonça-da pugta bolýar. Deriniň ähli duzuny gowy silkip aýryp, onuň üstüne arassa kül sepipdirler we derini düripdirler  şol durşuna ýene üç hepdä çenli saklapdyrlar. Kül bilen duzuny  bilelelikde deriniň ýüňüni aýryp,( küle ýatyrylan derniň tüýi aňsat aýrylýar)  soňra ony gowy ýuwupdyrlar. Soňra oňa ýel berip, ýarym günläp guradýarlar .Ondan soň diňe boýun tarapyny açyk ( agyz) goýup,   galan bujaklaryny tikipdirler, aýaklaryny we guýrugyny bolsa  ( bujak) kesip aýrypdyrlar. Muňa “deri düýbemek” diýip at beripdirler. Şunuň bilenem deri ýanlyk taýýar bolýar. Onuň içini ýelden dolduryp ojagyň ýokarsynda ýüp bilen tüýnükden asyp goýupdyrlar. Şol ýerde ol tüssä kakap, öňküsindenem beter berkeýär we garalýar. Taýýar bolan meşik hojalyk maksatly  saryýag, künji ýag, nepýag  ( kesosin) , garpyz we üzüm toşaby, ýagly toşap (alaçaly ýag) ýaly zatlary goýmak üçin ulanylypdyr. Suw meşige seredeniňde  ýag we toşap guýulýan meşiklriň göwrümi kiçi bolýar. Şonuň üçin suw we  çal guýulýan meşiklere tulum diýilýär.

Guradylan süýt önümlerini we miweleri saklamak üçin ulanylan deri gaba ,,sanaç’’ diýlipdir. Süýt sagmak üçin togalak görnüşli, düýbi ýasy gaba “könek “ diýlipdir. Sanaç we könek üçin hem geçi derisi örän amatly hasaplanypdyr. Geçiniň garnyny hem gap hökmünde peýdalanylypdyr. Ýagny garny arassalap, çöwrüp gowy duzlanýar. Onuň içini howadan dolduryp agzyny berk daňyp guratmaga goýupdyrlar. Mazaly gurandan soň ýene arassalanypdyr we gowurma salmak üçin ulanylypdyr.Geçiniň dersinden ýadygärlik bermek üçin niýetlenilen adama sowgat berýän adam tarapyndan arap hatynda arzuw alkyş hem ýazdyrlyp öýde asyp goýmaga niýetlenilen görnüşde berlipdir

 

Türkmeniştanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň

Uly ylmy işgari :                           

 Bahar  Mämmedowa.

   

 Magtumguly adyndaky

Türkmen Döwlet uniwersitetiniň

Taryh fakultetiniň Arheologiýa

Hünäriniň  V ýyl talyby:     

  Aýşat Laparowa.

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle