TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Deňiz pyşbagalarynyň täsinlikleri

Gury ýerde bolşy ýaly, gidrosferada hem haýwanlaryň dürli görnüşleri ýaşaýarlar. Olar özlerine mahsus bolan alamatlar boýunça bir-birlerinden düýpli tapawutlanýar. Deňiz pyşbagalary hem şeýle jandarlaryň biridir.

Deňiz pyşbagalary baradaky täsin hem-de gyzykly maglumatlar:

  • Deňiz pyşbagalary 100 million ýyl mundan ozal peýda bolupdyrlar we olar dinozawrlaryň ýaşan döwürlerinden şu günlere çenli öz ýaşaýyşlaryny dowam etdirýärler;
  • Deňiz pyşbagalarynyň dişleri ýokdyr. Olar iýmiti almak üçin buýnuz maddadan ybarat bolan dodak görnüşli agzyny ulanýarlar;
  • Deňiz pyşbagalarynyň gabygy birleşdirilen 50-den gowrak süňklerden ybaratdyr. Şeýle-de olaryň ýüzmäge ýardam berýän süňkleri hem bardyr;
  • Deňiz pyşbagasynyň ömrüniň ilkinji ýyllaryna “ýitirilen ýyllar” diýilýär. Munuň sebäbi bolsa, kenarýaka suwlaryna çykmak bilen yzyna gaýdyp gelmegiň arasyndaky wagty öwrenmek kyn bolup durýar. Şeýle ýagdaý käwagt 20 ýyla çenli hem bolup bilýär;
  • Häzirki wagtda alymlar bu täsin jandaryň 7 görnüşiniň bardygyny ykrar edýärler. Olaryň 6 görnüşi ýitip, ýok bolup gitmek howpundadyr;
  • Deňiz pyşbagalarynyň görnüşleriniň ululygy dürli-dürli bolýar. Iň kiçi görnüşiniň uzynlygy 70 sm, agramy 40 kg-a çenli bolsa, uly görnüşli pyşbagalaryň uzynlygy 180 sm-e we agramy 500 kg-a ýetýär;
  • 1988-nji ýylda Uelsiň günbatar kenarynda iň uly pyşbaga tapyldy. Onuň uzynlygy 2,5 m-e we agramy 916 kg-a barabar bolupdyr;
  • Hünärmenleriň aýtmagyna görä, deňiz pyşbagalary köpelenden soň olaryň 1000-den diňe 1-2-si garrylyga çenli ýaşaýar. Sebäbi olaryň kämillik ýaşyna ýetmegi üçin köp wagt gerek bolýar. Şeýle-de olar şol döwürde deňiz ýyrtyjylary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar;
  • Deňiz pyşbagalary gyzyl, mämişi we sary iýmitleri gowy görýärler;
  • Deňiz pyşbagalary uzak aralyklara ýüzüp bilýärler. Iň uzak – 13 000 mil aralygy 647 günde geçipdir (Indoneziýadan Amerikanyň günbatar kenaryna çenli). Bu bolsa 1 günüň dowamynda 20 mil ýüzendigini aňladýar;
  • Deňiz pyşbagalarynyň Ýeriň magnit meýdanyna duýgurlugy bardyr.

Ataýew Gylyçmyrat

TOHU-nyň talyby

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

 

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle