TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dem alyş ulgamynda möwsümleýin keseller

Ýiti respirator wirus ýokançlary, adatça, möwsümleýin, şonuň ýaly-da, adamlaryň üýşýän ýerlerinde (işde, ulagda, maşgalada…) has ýygy ýüze çykýarlar.

Möwsümleýin keseller, esasan, çagalarda, gartaşan adamlarda, immun ýetmezçiliginiň dürli görnüşleri sebäpli, şeýle-de bronhlar-öýken keselleri, böwrek keselleri, süýji keseli, ýürek-damar keselleri bilen kesellän adamlarda ýokary derejede bolýar diýlip Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wezipe orunlaryndan daşary baş pulmonology, Fiziologiýa ylmy kliniki merkezli hassahanasynyň öýkeniň özboluşly däl keselleri bölüminiň müdiri Taýlymyrat Açylowyň www.turkmenmetbugat.gov.tm saýtynda neşir edilen makalasynda aýdylýar.

Ýiti respirator ýokançlarynyň geçmeginiň esasy ýoly howa-damja görnüşidir. Üsgürilende, asgyrylanda, gürleşilende, hassanyň ýa-da wirusy göterijiniň burnundan, bokurdagyndan kesel dörediji mikroblar we beýleki nemli bölejikler syçraýar.

Näsag tarapyndan ýönekeý arassaçylyk kadalarynyň ýerine ýetirilmegi zerurdyr.

Wiruslaryň köpelmegi aýratyn ýokary tizlik bilen geçýär: bir wirus bölejiginiň ýokarky dem alyş ýollaryna düşmegi bilen, ol 8 sagatda 10 esse köpelýär. Soňundan wirus gana düşýär we tutuş bedene ýaýraýar. Wirus gana düşmek arkaly, dürli gaýraüzülmeleriň ösüşine ýardam etmek bilen, gan emele getiriş we immun ulgamynyň agyr ýagdaýa gelmegini ýüze çykarýar. Başlangyç döwür 1 — 2 gün ýa-da 5 güne çenli hem dowam edip bilýär. Soňra ýiti kliniki ýüze çykmalaryň döwri başlanýar. Keseliň agyrlygy birnäçe ýagdaýlara: saglygyň umumy ýagdaýyna, ýaşa, näsagyň wirusyň bu görnüşi bilen galtaşandygyna baglydyr. Şuňa baglylykda, näsagda ýokanjyň 4 görnüşinden biri: ýeňil, orta agyr, agyr we giper toksiki ösüp bilýär. Olaryň alamatlary we güýji keseliň agyrlygyna baglydyr.

Gowşaklyk, damar we myşsa agyrylary, bogazda kаtaral alamatlar, ýumşak kentlewügiň we bokurdagyň arka diwarjygynyň gyzarmagy, gurak (kähalatda çygly) agyryly üsgülewük, ses çykaryşyň bozulmasy, döş süňküniň arkasyndaky agyry, burundan suw akmagy (rinit) keseliň käbir alamatlarydyr.

Ýiti respirator wirusynyň has ýygy gaýraüzülmeleri öýken sowuklamasydyr. Ol seýrek ýagdaýda duş gelýär (wirus we bakterial öýken sowuklamasy). Ýygy hem-de ikilenç emele gelýän bakterial ýokançlar rinit, sinusit, bronhit we otitdir.

Ýürek-damar ulgamy tarapyndan gaýraüzülmeler, adatça, gartaşan adamlarda duş gelýär, miokardit, perikardit (ýüregiň myşsalarynyň çişme keselleri bolup, ol ýürek ýetmezçiligine getirip biler) ýitileşip bilýär.

Ýiti respirator wirus ýokançlarynyň ilkinji alamatlary peýda bolanda, şulary ýerine ýetirmek zerurdyr:

— düşekde ýatmak we lukmany çagyrmak;

— düşek tertibini berjaý etmek;

— hassanyň ýatan otagyny ýygy-ýygydan ýelejiretmek we günde 2 — 3 gezek çygly arassaçylyk geçirmek;

— näsagyň aýratyn gap-gaç, süpürgiji, hasa örtügi, bir gezeklik elýaglyklary ulanmagy;

— lukman tarapyndan bejergi bellenilýänçä, näsaga ýygy-ýygydan suw bermelidir.

Näsaga ideg edýän adam 4 — 5 gatly hasadan tikilen örtük ulanmalydyr ýa-da bir gezeklik örtügi ulanmalydyr. Şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär.

Mümkin boldugyndan, adamlaryň köp üýşen ýerinden gaça durmalydyr. Köçä çykylanda oksolin melhemini ulanylmalydyr (burun boşlugyna günde 2 — 3 gezek çalyp durmaly), diňe bir elleri ýuwmak bilen çäklenmän, ýüzi hem yzygiderli sabyn bilen ýuwmalydyr.

Lukman bilen maslahatlaşyp, aloe, ary baly, itburun miwesi, oblepiha miwesi, ženşeniň, eleuterokkokyň, limmonigiň, pantokriniň şerbetini ulanmalydyr. Arassa howada yzygiderli gezelenç etmelidir.

Öňüni alyş sanjymlaryny almalydyr.

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle