TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

«Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Balkan welaýatynda ýerleşýän «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Balkan welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer M.Mämmedowa beren tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň çäginde geçirilýän çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri görüldi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron görnüşinde bellenilip geçildi.

Maslahatyň dowamynda alymlaryň ýadygärlikleriň taryhy-medeni ähmiýetine hem-de arheologik tapyndylarynyň aýratynlyklaryna bagyşlanan çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, orta asyrlara degişli ýadygärlikler toplumynda geçirilen rejeleýiş, dikeldiş we gazuw-agtaryş işleriniň ähmiýeti türkmen halkynyň taryhyny has çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilik berýär.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda çykyş eden alymlar «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň taryhy, onuň bu ugra degişli ylmy ösdürmekdäki ähmiýeti hem-de toplumyň çäginde ýüze çykarylan arheologik tapyndylarynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar berdiler.

Meýdan şertlerinde geçirilen ylmy-amaly maslahat Balkan welaýatynyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Şeýle hem dabaraly çärä gatnaşyjylar toplumyň çäginde ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilýän gymmatlyklar, irki we orta asyrlarda kerwen ýollary üstünden geçen şäheriň mirasy bilen tanyşdylar.

 

Birža täzelikleri: gazak işewürleri nah ýüplük satyn aldy

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle