TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Daýhan maşgalasyndan öz ýurdunyň iň baý adamy bolan: Robin Li

Robin Li (Li Yanhong) –  1968-nji ýylyň 17-nji noýabr aýynda doglan hytaýly internet telekeçisi we Hytaýyň iň meşhur “Baidu” gözleg motorynyň esaslandyryjysy bolup durýar. Şeýle hem ep-esli möçberdäki baýlygy bilen Hytaýyň iň baý adamy hökmünde dünýäde tanalýar. Gysga wagtyň içinde gazanylan bu üstünligiň durmuşy okyjylarymyza gyzykly bolsa gerek. Geliň, bu üstünlikli adamyň ylham berýän durmuşyna we başdan geçiren kynçylyklaryna göz aýlalyň.

Robin Li Hytaýyň Şançi şäherinde,  daýhan maşgalada doglan bäş çaganyň biridir. Ejesi hemişe okamalydygyny, maşgalasynyň geljeginiň ýokdugyny, şonuň üçin hem özüni halas etmelidigini aýdýardy. Robin Li ejesiniň sözlerine üns berýärdi, düşünýärdi, öz öňünde maksat goýup, şol maksatlara hem ýetmek üçin çemeleşýärdi. Şançi şäherinde mekdebe başlan kiçijik Li, esasanam ejesiniň aýdanlaryny etmek bilen mekdepde üstünlikli okuwçy boldy. Çagalygy we okuw ýyllary kynçylyk çeken Li Yanghong, orta mekdebi tamamlandan soň paýtagt Pekinde uniwersitete başlady. Orta mekdebiň üstünlikli okuwçysy Robin Li uniwersitetde geljekdäki ösüp barýan hünärlerden informatikany saýlady. Pekin uniwersitetinde dört ýyllyk talyplyk durmuşyny tamamlandan soň, ýaş Li Yonghong arzuwlaryny amala aşyrmagyň ýeke-täk ýoluny ABŞ-da gözlemek bilen bu ýurda gitmek kararyna geldi. ABŞ barandan soň, Buffalo uniwersitetinde kompýuter ugruny okap, öwrenip başlady. 1994-nji ýylda magistr derejesi bilen Buffalo uniwersitetini tamamlan Li Yonghong, öz ýurduna dolanmagyň ýerine ABŞ-da iş durmuşyna başlady. Bu ýerde gözleg motory algoritmleriniň üstünde işläp başlan Li ömrüniň soňky döwrüni gözleg motorynyň ösüşine bagyşlady.

“IDD” Maglumat hyzmatlarynda işe başlan Li Yonghong, gözleg motorlary üçin sahypalaryň sanawyny ölçeýän “RankDex” atly algoritm döretdi. Karýerasyna ABŞ-da başlandan soň Robin Li adyny alan Li Yonghong, Amerikanyň “RankDex” algoritmi üçin Patent institutyndan patent aldy.

Patent alansoň, Robin Li indi täze mümkinçilikleri gözläp başlady. Oňa bu mümkinçiligi Hytaý hökümeti berdi. Hytaý hökümetiniň goldawy bilen biohimik dosty Erik Hula bilen “Baidu” gözleg motoryny döretdi. ABŞ-nyň maýa goýum banklaryndan “Integrity Partners” we “Peninsula Capital” -dan 1,2 million dollar karz alyp, “Baidu”-ny esaslandyran Robin Li we onuň hyzmatdaşynyň mundan beýläk  ýollary açykdy.

Robin Li esaslandyran gözleg motoryna at bermekde gaty seresaplydy. Baidu ady 800 ýyl mundan ozal, aýdym dinastiýasy döwründe ýazylan goşgudan alnypdyr. “Baidu” idealyň hemişelik gözlegini aňladýardy.  2010-njy ýylyň maglumatlaryna görä, “Baidu”-da 11 müň adam işledi. Hytaý  500 million internet ulanyjy bilen internet ulanyjy bazarynda ABŞ-dan iki esse köpeltmegi başarypdy. Bu görkezijiniň gysga wagtda 750 milliondan gowrak  hem boldy. Şeýle çalt ösýän bazarda “Baidu”-nyň eýesi Robin Li her gün baýlygyna baýlyk goşmagyny dowam etdirýär.                                                         Sabyrlylygyň, zähmetiň we ideallara ymtylmagyň üstünlik getirýändiginiň ýene bir anyk mysalyny bilelikde gördük! Ilki bilen ýagdaýlar isleýşiňiz ýaly bolup bilmez. Robin Li ýaly kynçylykda ulalan bolmagyňyz mümkin, ýöne hakyky üstünlik üçin hiç zat bahana däldir. Islegleriňiz üçin sabyr etmegi we söweşmegi hiç wagt bes etmersiňiz diýip umyt edýäris!

“Eger geçmeli ýoluňy anyk bilýän bolsaň, päsgelçilikler “üns bermeli ýeriň” bolup bilmez.”

                                                                                         Robin Li (Li Yanhong)

 

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Altyn teňňeleri satyn almak üçin ilkinji bankomat

Türkmenistan-ABŞ: golf kluby dörediler

Teswirle