DÜNÝÄ

Dawis hukuk fakultetinde Halkara Nowruz güni belleniler

Bahar paslynyň buşlukçysy bolan Halkara Nowruz güni dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.

2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni üstümizdäki ýylda ABŞ-nyň meşhur Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk fakultetinde hem bellenilip geçiler.

Bu ýokary okuw mekdebiniň hukuk fakultetinde hukuk ugry boýunça magistri derejesini almak üçin bilim alýan talyplar tarapyndan guralar. Baýramçylygyň guramaçysy hökmünde Eýranyň, Özbekistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň talyplary çykyş edýär.

22-nji martda geçiriljek baýrançylyk dabarasynda Nowruzyň ähmiýeti açylyp görkeziler. Şol sanda türkmen palawy bilen bir hatarda sebit ýurtlarynyň tagamlary hödürlener.

Halkara Nowruz gününiň dabarays üçin fakultetiň talyplarynyň gatnaşmagy üçin fakultetiň dürli ýerlerinde çakylyk görnüşindäki afişalar ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi