TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa)

“Gyzly öýe kyrk at baglanar”

 “Paýhas çeşmesi”

Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň şeýle owadanlygyna garamazdan onuň gapysynyň daşky gulpy, tutawajy bolmandyr. Şa gyzy ösüp-ulalyp, bir kemsiz, gülden näzik, aýdan artyk bolup, deňsiz-taýsyz owadan bolup, ýetişipdir. Patyşa gyzy ýetişende şol gapyny  kime açsa, şoňa durmuşa çykarjakdygyny ýurduna jar çekdiripdir.

Şanyň köşgüniň gapysy her gün daň säherden mähelleli bolupdyr. Şa gyzynyň hyrdary gaty köp bolupdyr. Ol gapyny müňläp-müňläp adam bagtyny synap, kakyp görüpdir. Köşküň gapysyny ýuwaşjadan tä ýaragly kaklyşa çenli ýetipdir, emma gapy açylmandyr. Gapynyň haçan kime açyljagy juda näbelli bolupdyr. Hatda käbir adamlar ol gapy hiç wagt açylmaz hem diýipdirler. Şa gyzy mümkin gapy açyp bilýän däldir, diýen pikirler ilatyň arasynda köpelipdir. Gapynyň öňünde ençeme gije-gündizi ötüren ýaş ýigitler arzuw eden şa gyzyndan el çekip gaýtmaly bolanlar hem bolupdyr. Şeýdip, günler, aýlar, ýyllar ötüpdir, gapy açyljak  ýerde açylmandyr.

Günlerde bir gün şanyň ol owadan köşgüniň öňüne bir sazanda ýönekeý bir ýigit gelipdir. Sazanda ýigit şeýle bir täsin üýtgeşik sazlar çalypdyr. Onuň sazyna hemmeler baş  egipdir. Hatda şa gyzy hem sazandanyň sazyna meýmiräpdir. Ol her gün irden şol sazanda ýigidiň sazyna oýanypdyr. Ýigit ýöne geleni bäri hiç köşgüň gapysyny kakmandyr. Muňa hemmeler haýran galypdyr, hatda şa gyzynyň özi hem muňa geňirgenipdir. Sazanda ýigit ahyry bir gün örän ajaýyp saz döredip,  şol ajaýyp sazy bilen utgaşdyryp, gapyny  tyrk, tyrk, tyrk  edip, üç sapar kakyp sazyny tamamlapdyr. Şa gyzy depedäki owadan minaranyň basgançaklaryndan ylgap düşüpdirde, baryp  20 ýyllap açylmadyk gapyny  batly itipdirde açyp, şirin owazy bilen maýyl eden sazanda ýigidiň gaşynda durupdyr.

Patyşa söz berişi ýaly gyzyny ýönekeýje sazanda durmuşa çykarypdyr. Muňa ençeme ýyllap köşgüň gapysyny baglap oturan şazada ýigitler, baý begler haýran galypdyrlar we näme üçin gyzyny beýle owadan daşky gulpy bolmadyk köşkde saklap, bir ýönekeý sazanda bermeginiň sebäbini sorapdyrlar. Şa bu soragyňy jogabyny gyzynyň toýunda ähli halkyň öňünde aýdypdyr.

Bu ýönekeý köşk däl, bu ynsan balasynyň göwni, ýüregi. Ýürek hem hiç wagt daşyndan açylmaýar ol   hemişe içinden açylýar. Şonuň üçinem men bu köşgüň gapysynda daşynda ne tutawaç, ne-de gulp goýdurdym. Bu sazanda hem diňe bir köşgüň gapysyny kakmady, ol adamyň ýüreginiň gapysyny örän inçelik bilen kakmagy başardy diýip, akylly patyşa sözüni tamamlady.

 

Gülälek Seýitliýewa,

Mary etrabynyñ 21-nji orta mekdebiniñ himiya-biologiya mugallymy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

Okap bilersiňiz  Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle