JEMGYÝET

Daşoguzly Täjigül Meläýewa 105 ýaşady

Gurbansoltan eje adyndaky şäheriň ýaşaýjysy Täjigül Meläýewa 105 ýaşy arka atdy ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar. Neşirde aýdylyşy ýaly, ol oba goňşulary, ýakyn garyndaşlary tarapyndan hormatlanýan, her gezek duşuşanda maňlaýyňa sylyp, togap edilýän eneleriň biridir.

Täjigül ene 1915-nji ýylda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Magtymguly Garlyýew adyndaky geňeşliginiň Arap obasynda dünýä inipdir. Täjigül enäni göreniňde, onuň durşuna öwüt-ündew, pähim-paýhasa ýugrulan senaly sözlerini diňläniňde ynsan ömri, onuň many-mazmuny baradaky pikirlere çümeniňi duýman galýarsyň. Täjigül ene ýanýoldaşy Jumanazar Ärnazarow bilen dokuz perzendi — 4 ogly, 5 gyzy dünýä inderip, ösdürip-ulaldyp, adam hataryna goşdular. Toýdur märekelerde, dürli derejeli üýşmeleňlerde Täjigül enäniň daşy adamdan doly bolýar. Şonda ömrüň öwrümli ýollary, kynçylyklary, ylaýta-da geçen asyryň 1941 — 1945-nji ýyllaryň uruş döwründe görlen görgüler, ýowuzlyklar, il-günüň başyna düşen jebir-sütemler baradaky berýän gürrüňleri ýaşlara durmuş mekdebi.

Täjigül ene özüniň çagalaryna-da halal zähmet çekmegi, sylaşykly bolmagy elmydama sargyt edýär. Ine, bu günki günde bolsa onuň özüniň şu ajaýyp durmuşda ýaşaýandygyna buýsanjynyň çägi ýok. 33 sany agtyk, 65 sany çowluk gören bagtyýar ene bilen gürrüňleşip oturmak diýseň ýakymly.

TKA-nyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesi Täjigül enäniň 105 ýaşyny gutlap, ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” ady berildi