TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde täze saglyk öýüniň açylmagy oba ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan bu saglygy goraýyş binasynda oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatyny etmek üçin ähli şertler döredildi. Saglyk öýünde sanjym, hasaba alyş, barlaghana we beýleki lukmançylyk otaglary, dermanhana, naharhana ýerleşýär. Bu ýerde ýatymlaýyn bejergi almak üçin hem ýörite otaglar bar. Täze binanyň degre-daşyny bezeg agaçlary gurşap alýar.

 

Ýene-de okaň

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi

Teswirle