«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly desgalary gurmak meýilleşdirilýär.
“Türkmenistan” gazetindäki habara görä, Demirgazyk welaýatymyz boýunça 2022 — 2028-nji ýyllarda 31 binanyň we desganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Olaryň arasynda 1 sany saglyk öýi we merkezi, 7 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 11 umumybilim berýän orta mekdep we 3 sany medeniýet öýi gurlar.
Daşoguz welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 179,16 kilometr suw geçiriji, 5 sany suw arassalaýjy desga, 108,3 kilometr lagym geçiriji, 4 sany lagym arassalaýjy desga, 196,5 kilometr awtomobil ýoly, 576,95 kilometr gaz geçiriji, 301,77 kilometr elektrik geçiriji gurlar.
Bulardan başga-da, 382,0 kilometr telefon ulgamy gurlup, 5428 sany telefon belgisi işe giriziler. Welaýat boýunça 721,30 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary göz öňüne tutulýar.