Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Daşoguz atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary hem uly ruhubelentlikde geçirildi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň döwrebaplaşdyrylyp, durkuny täzelemek işleri üstünlikli ýerine ýetirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli durky täzelenen Daşoguz atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.
Üç ýaşar bedewleriň arasynda ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen birinji çapyşyga 12 sany at gatnaşyp, 1000 metr aralygy geçmekde özara ýaryşdylar. Gyzykly geçen çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli bolan Aýjahan diýen dor gysrak pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bu çapyşykda çapyksuwar B.Çäşemow ýeňiji bolmagy başardy. 1800 aralyga çenli bolan ikinji çapyşyga 10 sany at gatnaşyp, çapyksuwar Ý.Saparowyň çapan Ahal welaýatynyň Ahal önümçilik birleşigine degişli bolan Köpetdag atly gara aty pellehana ilkinji geldi.
Toý şatlygyny arşa göteren üçünji çapyşykda Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli bolan Şöhratly atly al at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Dört we uly ýaşar atlaryň gatnaşmagynda geçirilen 4-nji çapyşyga 10 sany bedew gatnaşdy. Dartgynly geçen bu çapyşykda A.Garýagdyýewiň çapyksuwarlyk eden Dorhan atly dor aty pellehana birinji gelmegi başardy. Daşoguz atçylyk sport toplumyna degişli bolan dor atyň bu günki ýeňşi atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çapyşygynda ajaýyp sowgat boldy.
5-nji çapyşykda Lebap welaýat häkimligine degişli bolan Guwanjym atly dor at baýramçylyk gününde özüniň ýeňşini baýram etdi.
1800 metr aralygynda geçirilen 6-njy çapyşyk hem täsirli pursatlara baý boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen alkyşlanan bu çapyşykda S.Söýenjowyň çapyksuwarlyk eden Dorbegler diýen gara aty pellehana ilkinji gelip, özüniň ýeňşini buşlady.
Gyzykly geçen 7-nji çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli bolan Gerçek atly dor at birinji bolup gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary N.Azadow, seýsi K.Hydyrow.
Toý gününiň bezegi bolan jemleýji 8-nji çapyşyk halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirildi. Halypalar bije çekmek arkaly özleriniň çapjak atlaryny saýladylar. Soňra 1000 metr aralyga geçirilen çapyşyga badalga berildi. Tomaşaçylaryň şowhuny bilen bu çapyşykda halypa çapyksuwar Bäşim Rozyýewiň çapyksuwarlyk eden Erkana hem-de Gülaýymyň neslinden bolan Edepli diýen dor at toý ýeňşini getirdi.
Hormatly Prezidentimiziň Baş baýragy ugrunda geçirilen çapyşykda Mary welaýatyndan halypa çapyksuwar B.Rozyýewiň gazanan ýeňşi bu günki çapyşyklaryň jemlenmesi boldy.
Soňra bu ýerde bu günki geçirilen at çapyşygynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ilki bilen ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk we 50000 manat möçberde pul sowgatlary gowşuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiziň Baş baýragy ugrunda geçirilen 8-nji çapyşykda ýeňiji bolan halypa çapyksuwar Bäşim Rozyýewe «Toyota Land Cruiser Prado» kysymly awtoulagyň açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.