TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahat geçirilýär

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat öz işine başlady. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara seljermeler instituty tarapyndan geçirilýän halkara maslahatynyň gatnaşyjylaryna BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew wideoýüzlenme iberdi.

Bu maslahata 20-den gowrak ýurtdan 100-den gowrak wekiliýet gatnaşýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy halkara edaralary – BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly beýleki halkara we sebit guramalaryndan wekiller çagyryldy.

Maslahatda Owganystana wekilçilik edip, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

BMG OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEGI DOWAM ETDIRER

Birleşen Milletler Guramasy Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermegi we bu ýurtda parahatçylygy ösdürmegi dowam etdirer. Bu barada BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Daşkentde bolup geçýän “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesinde aýdylýar.

OWGANYSTAN GÜNORTA WE MERKEZI AZIÝANY BIRLEŞDIRÝÄN ÝAKYN ÝOL

Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki öz çykyşynda Owganystanyň içinde howpsuzlygy üpjün edendiklerini we ilata esasy hyzmatlary berýän ähli döwlet edaralarynyň işiniň talabalaýyk ýola goýlandygyny belledi.

Amir Han Muttaki öz çykyşynda owagan zenanlaryň nirede gowy şert bolsa, şol ýerde işleýändigini, şert bolmadyk ýerlerde bolsa, işlerini öýlerinden alyp barýandygyny belläp: “Biz olara öýlerinde hem işländigi üçin töleýäris. Ýöne entek olar üçin doly şertleri üpjün edip bilmeýaris” diýip, belläp geçdi.

“Syýasatymyz indi ykdysady ösüşe gönükdirilendir we Owganystan sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülmelidir. Owganystan Günorta we Merkezi Aziýany birleşdirýän iň gysga we arzan ýoly üpjün edýär “-diýdi wagtlaýyn hökümetiň wekili mälim etdi.

Amir Han Muttaki Owganystanyň özara hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol häzirki Owganystanyň “bir ýurt, bir döwlet, bir häkimiýet” hökmünde işleýändigini aýtdy.

 

 

Pariž-2024: şygary we biletleriň bahasy belli boldy

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle