TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Daşary ýurtly talyplar onlaýn okar

Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetlerinde ýokary bilim alyp ýören we wagtlaýyn Watana gaýdyp gelen türkmenistanly talyplar 1-nji sentýabrda başlajak okuwlara onlaýn gatnaşyp bilerler. Russiýanyň Bilim we ylym ministrligi halkara uçar gatnawlary boýunça wagtlaýyn çäklendirmeler ýatyrylýança, daşary ýurtly talyplara onlaýn okamaga rugsat berdi.

Serhetler we halkara uçar gatnawlary açylansoň, talyplar okaýan uniwersitetine dolanyp baryp, doly okuw tertibine geçip bilerler. Ýöne Russiýa dolanyp baran daşary ýurtly talyplaryň ählisinde koronowirus ýokanjy boýunça lukmançylyk barlagynyň netijeleri we 14 günlük karantin çäreleri talap ediler.

Maglumatlara, görä, geçen okuw ýylynda Russiýada 297 993 sany daşary ýurtly talyp okady. Olaryň köpüsi Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Hindistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň raýatlarydyr.

Ýene-de okaň

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Teswirle