Daşary ýurtlardan ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 213-214-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine wagtlaýyn getirilýän (getirilen) ulag serişdelerine ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak hem-de ol ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri hakynda Buýruk kabul edildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çykaran 94 belgili buýrugy bilen  Ulag serişdesi wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilende, onuň wagtlaýyn getiriliş möhletiniň bellenilmeginiň tertibi kesgitlendi. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda 1397 belligealyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Buýrugy Size ýetirýäris.

Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri hakynda

 

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 213-214-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine wagtlaýyn getirilýän (getirilen) ulag serişdelerine ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak hem-de ol ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Ulag serişdesi wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilende, onuň wagtlaýyn getiriliş möhletiniň bellenilmegini şu tertipde amala aşyrmaly:

1) ulag serişdesiniň giriş deklarasiýasynda ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhleti, onuň wagtlaýyn getirilmegine sebäp bolan ulag operasiýasy tamamlanandan soň ol ulag serişdesiniň haýal etmän yzyna alnyp gidilmegi üçin zerur bolan wagtdan ugur alnyp, ýöne aşakda görkezilen möhletlerden artyk bolmadyk möhletde (muňa şu bölegiň 2-nji bendinde görkezilen ýagdaý degişli däldir), daşaýjy (onuň wekili) tarapyndan görkezilýär:

  1. a) awtoulag serişdesi (tirkegleri, ýarym tirkegleri we gatyşyk ulag serişdelerini hem goşmak bilen), muňa konteýnerler degişli däldir – 30 senenama günden;
  2. b) demir ýol ulag serişdesi (düzüminiň birligi), muňa konteýnerler degişli däldir –  90 senenama günden;

ç) islendik görnüşli ulag serişdesi arkaly daşalýan konteýnerler – 90 senenama günden;

  1. d) deňiz (derýa) gämisi we howa gämisi – Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýeriniň administrasiýasynyň (aeroportyň, aerodromyň, deňiz, derýa portunyň) gümrük edarasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşan tertibine laýyklykda kesgitlenilýän möhletden;
Okap bilersiňiz  Türkmen dili we edebiýaty dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary

2) Türkmenistanyň gümrük çäginde ulag serişdesinden düşürmezden daşalýan, gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlary daşaýan islendik görnüşli ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhleti, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda ol harytlar babatda bellenilen gümrük üstaşyrynyň möhletine görä kesgitlenilýär;

3) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 214-nji maddasyna laýyklykda, gümrük posty aýratyn halatlarda gümrük gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen, daşaýjynyň arzasyndan ugur alyp we göz öňünde tutulýan ulag operasiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlary nazara almak bilen, gümrükhana bilen ylalaşyp, ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhletini şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilen möhletden has gysga ýa-da has dowamly möhlete bellemäge haklydyr;

4) şu bölegiň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerine laýyklykda bellenilen möhletlerde ulag serişdesiniň yzyna alnyp gidilmegi mümkin bolmadyk halatynda, iş zolagynda ulag serişdesiniň hakykatda ýerleşýän gümrük edarasy daşaýjynyň, ulag serişdesine eýelik etmäge hukugy alan şahsyň ýa-da başga dahylly şahsyň, wagtlaýyn getiriliş möhleti tamamlanmazdan öň, delillendirilen ýüz tutmasy boýunça wagtlaýyn getirmegiň ilkibaşda bellenilen möhletini, ol ulag serişdesini Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilmegine mümkin bolmazlygyna sebäp bolan ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin zerur bolan wagta uzaldýar.

  1. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew gözegçilik etmeli.
  2. Buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.

 Gullugyň başlygy                                                                                                            M.Hudaýkulyýew