TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylaryň zähmet hukuklary dikeldildi

Şu ýylyň 22-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi.  Zähmet kanunçylygyna goşmaçalaryň girizilmegini şertlendiren sebäpler barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri müdirliginiň wekili «Türkmenistan» gazetinde düşündiriş berdi.

Bu goşmaçalar dünýäde emele gelen ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly çäreleriň täsirine düşen raýatlaryň zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykan meseleleriniň düzgünleşdirilmegi we olaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleri bilen bagly çäklendirmeleriň girizilmegi zerarly, öň dürli maksatlar bilen daşary ýurtlara giden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ençeme raýatlaryň ýurdumyza dolanyp gelmäge mümkinçiliginiň bolmandygy sebäpli, olaryň zähmet gatnaşyklarynyň taraplary hökmünde zähmet borçlaryny mundan beýläk ýerine ýetirmek mümkinçilikleri aradan aýryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza dolanyp gelmäge mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykan meseleleri düzgünleşdirmek we olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we şu ýylyň 8-nji sentýabryndan güýje girizildi. Bu Kanun ministrligiň mlsp.gov.tm salgyly internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasyna girizilen goşmaçalar ýokarda agzalan işgärleriň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli, zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli zähmet gatnaşyklarynyň dowam etdirilen hasap edilmegini, şeýle-de zähmet hakynyň we beýleki tölegleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenilmegini düzgünleşdirýär. Şunda işgärleriň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli, zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatlar, ýagny:

— Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 98-nji maddasyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde önümçilikden aýrylmazlyk şertinde okaýandyklary sebäpli, döwlet synaglaryny tabşyrmak (jemleýji hünär synagyny geçmek) üçin okuw maksady bilen gidendigi bilen bagly ýüze çykan halatynda berlen tölegli rugsatlaryň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli uzaldylýar. Şunda tölegli rugsatlaryň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň tamamlanan ýagdaýynda, şu kada laýyklykda uzaldylmaga degişli edilýär;

— her ýylky esasy ýa-da goşmaça rugsadyň döwründe ýüze çykan halatynda, ol rugsatlaryň tamamlanmagy bilen zähmet gatnaşyklary dowam etdirilen hasap edilýär we ortaça aýlyk zähmet haky tölenilýär, iş wagtyny hasaba almagyň tabelinde «kanuna laýyk işe gelmezlik» diýlip bellik edilýär;

— işgärleriň gulluk iş saparlarynda bolan döwründe ýüze çykan halatynda, iş saparlarynyň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli uzaldylýar;

— zähmet haky tölenilmeýän rugsadyň döwründe ýüze çykan halatynda, tölegsiz rugsadyň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursadyna çenli uzaldylýar.

Şunuň bilen birlikde, Kodeksiň 6-njy maddasyna girizilen goşmaçalar diňe bir häzirki wagtda emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, zähmet gatnaşyklarynda bolup biläýjek, taraplaryň erkine bagly bolmadyk (ýeňip aradan aýryp bolmaýan güýjüň bolmagy) sebäpler (fors-mažor) bilen baglanyşykly başga ýagdaýlary hem düzgünleşdirmegiň hukuk esasy bolup durýar.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Teswirle