TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMPEÝDALY MASLAHAT

Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek bilen habarlaryň ählisini jemläp okyjylarymyza ýetirýäris.

Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar

Ilki bilen Size Daşary ýurtda alynan diplomy ykrar ettirmek üçin bildirilýän talaplary ýetirýäris. Siz bu habara we beýleki habarlara aşakda gök ýazylan ýere girip ýa-da aşakdaky surata basyp okap bilersiňiz!

Diplom Ykrar Etmek: Zerur Resminamalar

Daşary ýurt döwletiniň ýokary we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan berlen Resminamany Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny ýetirýäris. Bu resminamalar arza, diplom, bahalar we beýleki resminamalardyr. Resminamalaryň sanawyny habarymyzdan okap bilersiňiz!

Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça  Gözükdirijide Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berilen bolmalydygyny beýan edilýär. Şol sanawa girizilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryny saýtymyza öň ýerleşdiripdik. Şol ugurlary  Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

Döwlet klassifikatorlarynda bar bolan we ýokaryda  görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça bilim almak isleýän dalaşgärler, “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň resmi internet sahypasyndan alnan maglumatlara laýyklykda taýýarlanan sanawdaky ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim almaklary zerurdyr. Bu sanawy Siz bu linkden okap bilersiňiz! Bellemeli zat, THE täze sanawy ýaýradyldy.

Sanawda bolmaýan, Ykrar edilýän abraýly ýokary okuw jaýlar

Jemgyýet  baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryndan daşgary, mysal üçin, medisina, inženerçilik we beýleki tehniki ugurlardan bilim almak isleýän dalaşgärleriň “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň sanawyna girmeýän ýokary okuw jaýlarynda birinde hem bilim alyp biljekdigi baradaky habarymyzy okamak üçin gök basylan ýere basyň!

Diplom ykrar etmek :Döwlet Synaglarynyň Guralyşy

 

Daşary ýurtlarda alynan diplomlary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersler boýunça Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar. Döwlet synaglaryň guralyşyny okamak üçin gök ýere basyň!

Ynanç haty bilen Diplom Ykrar Etmek

Türkmenistanyň Bilim ministirligine daşary ýurt döwletlrinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etdirmek ýa-da Ykrar şahadatnamasyny almak üçin raýatyň özi raýat pasportynyň asyl nusgasy bilen ýüz tutmaly. Emma käbir ýagdaýlarda ynanç haty bilen hem diplom ykrar etmek üçin resminamalar tabşyrmak mümkin!

Diplom ykrar etmek üçin resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

GOOGLE Map’dan “Makul Hyzmat”  ýa-da  ” Makul Hyzmat Tercüme”  sözlerini girseňiz ol Size Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň salgysyny görkezer  Makul Hyzmat sözüne basyp ýa-da aşakda görkezilýän karta bassaňyz hem salgyny görkezer.

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Himiýa boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Nobel hepdeligi başlady

Teswirle