TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň  ähmiýeti

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar.

Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” atly gol çeken Karary ýurdumyzda bilim ulgamyny  kämilleşdirmek  babatynda örän ähmiýetlidir.  Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär,  ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak- bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.

Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda  terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipämiz – öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarda ýurdumyza wekilçilik ederler.’’

Hormatly   Arkadagymyz biziň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň ylymly-bilimli, ökde hünärmen  ýaşlara  bil  baglap, ylym- bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şonuň ýaly-da oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça öňde goýulan ähli meseleleriň ylmyň gazananlaryna daýanmak arkaly çözülmelidigini nygtap:   “Oba hojalygy ylma daýanmazdan çalt ösüp bilmez. Oba hojalyk önümçiliginiň doly üpjünçiligini ýola goýmak we işleriň ähli görnüşlerini ylmyň talaplaryna laýyklykda berk we takyk alyp barmak zerurdyr” diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzda taýýarlanylýan oba hojalyk hünärmenleriniň derejesini ýokarlandyrmaga, olary oba hojalyk önümçiliginiň iň möhüm meselelerini ylmy esasda çözmeklige  gönükdirmäge borçly edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda, şol sanda, ýokary okuw mekdeplerinde hem “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin uly işler alnyp barylýar. Munuň özi, daşary ýurt dillerini suwara bilýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga oňyn täsirini ýetirýär.Biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebäp usullaryny peýdalanmak bilen, ýäşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.

Bu babatda biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde talyp ýaşlara   daşary ýurt dillerini öwretmäge hem  uly  üns berilýar.

Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarynda gazanylýan öňe gidişlikler, täze-täze ylmy açyşlar bütindünýä Internet ulgamynda iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerinde çap edilýär. Şeýle ylmy-jemgyýetçilik şertlerde ol dilleri birkemsiz öwrenmek gutulgysyzdyr. Biziň mugallymlarymyz ylmyň täze gazanlary bilen aýakdaş gitmek, ylmyň derwaýys meselelerini seljermek üçin daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegiň zerurdygyny talyp ýaşlarymyza giňden düşündirýärler. Şeýle hem daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlarymyzyň okuw maksatnamalary her bir hünär ugrunyň aýratynlygyna laýyklykda düzülýär. Degişli hünärler boýunça giňden peýdalanylýan sözlükler, şol sanda, gysgaça adalgalar sözlükler taýýarlanylyp,  talyplarymyzyň dykgytyna ýetirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, olaryň özbaşdak taýýarlanmak derejelerini artyrmaga, käbir düşünjedir adalgalara has içgin düşünmäge ýardam berýär. Uniwersitetimiziň Diller kafadersanyň tejribeli mugallymlary tarapyndan okuw kitaplarydyr gollanmalaryň hem yzygiderli taýýarlanylýandygy bellärliklidir. Okuw derslerimizde häzirki zaman ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, dürli görkezme esbaplary, widio filmleri, audio ýazgylary ulanmagymyz talyplarymyzyň özleşdirilýän temalarynyň hiline oňyn täsir edýär. Şeýle çemeleşme okuw sapaklaryň täsiredijiligini, ýatda galyjylygyny, özleşdirilýän derse bolan gyzyklanmany döredýär.

Şu okuw ýylynyň başynda ýagny 2020-2021-nji okuw ýylynda biziň S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetimizde bakalawrlary  taýýarlaýan hünärleriň 9-sy  hususan-da,   Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetinde oba hojalygynda bugalter hasabaty we audit, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, Maglumat ulgamlarynyň tehnologiýalary (oba hojalygynda),   Weterinar lukmançylygy  fakultetinde  Kinologiýa, Zootehniýa, Senagat balykçylygy we Atçylyk, Agronomçylyk fakultetinde  Ýyladyşhana hojalygy, Agroekologiýa fakultetide  Agroekologiýa hünärleri açyldy. Bakalawr taýýarlaýan hünärlerde  Taýýarlygyň ugry boýunça işlis dili dersi okadylýar.          Talyplara iňlis dili öwredilip başlananda ilki bilen biziň öwredýän dilimiz bolan iňlis dilinde gürleýän ýurtlar  barada gysgaça maglumatlar bermeli. Soňra iňlis diliniň halkara dilidigi,  ony öwrenmegiň ähmiýeti,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň,  Dünýä ýurtlary  bilen   dostlukly gatnaşyklalarynyň has ösýän, sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete  geçilýan döwründe,daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň juda zerur bolup durýandygyny düşündirmeli.  Arkadag Prezidentimiziň ýaşlar üçin okamaga, döretmäge ,daşary ýurt  dillerini öwrenmäge  ähli mümkinçilikleri, şertleri  döredýändigini  belläp geçmeli. Türkmen ýaşlarynyň bu gün dünýäniň  dürli künjeklerinde, uzak-uzak yklymlarda bilim alyp, dünýä gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşyp, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini dünýä dillerinde jahana ýaýýandyklary barada ýaşlaryň aňyna ýetirmeli. Bularyň hemmesi ýaşlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge we öz mähriban watanymyz  Türkmenistana,   Gahryman Arkadagymyza bolan söýgini döredýär.

Daşary ýurt dili kämil derejede öwretmegi okuwdan daşary geçirilýän işler  bilen utgaşdyrmak  möhüm ähmiýetete eýedir. Bu ugurdan ylmy gurnaklaryň işi göwnejaý ýola goýuldy. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda uniwersitetimizde oba hojalyk ugry boýunça ylmy gurnaklar hereket edip, olara tejribeli mugallymlar ýolbaşçylyk edýär. Talyplaryň ylmy gurnagy – munuň özi talyplaryň gatnaşmagynda olary ylmy döredijilige çekmek, dürli derejede ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri guramak arkaly olaryň gazanan netijelerine baha bermek üçin döredilýän özboluşly guramadyr.Ylmy gurnaklaryň esasy maksady tarapynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-barlag işlerine gatnaşmagyny gazanmakdan, olary ukybyna görä ylmy döredijilik bilen meşgullanmaga  höweslendirmekden  ybaratdyr. Okuw sapaklary we yzygiderli geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik işleri hem-de medeni-köpçülik çäreleri  hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden  we egsilmez yhlasyndan dörän ajaýyp eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyryp geçirilýär.Bu bolsa ýaşlarda watana, zähmete, ata-enä, ula – kiçä  bolan  söýgüni terbiýeleýär.

Begnazarowa Bahargül,

TOHU-nyň iňlis dili  mugallymy,

                                uly mugallym  

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle