TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin

Häzirki döwürde şu ýyl okuw tamamlan ýüzlerçe türkmen oglan-gyzlary ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirler. Daşary ýurtda bilim alýan ýaşlarymyza peýdaly bolar maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň  web saýtynda ýer alan peýdaly maglumaty www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylarynyň dykkatyna ýetirýäris.

1)      Okamak maksady bilen daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlary okaýan ýeriniň (ýurdunyň) Türkmenistandaky ilçihanasyndan talyp wizalaryny resmileşdirip, Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar boýunça ýurdumyzyň Döwlet serhediniň migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen daşary ýurtlara gidýärler.

2)      “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň biri ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilýärler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine, medeni-köpçülikleýin, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak, şeýle hem saglygyny bejertmek we okuw maksatlary bilen we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň biriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanylan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.

3)      Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde bilim almagy üçin olaryň ýanynda okuw mekdebiniň degişli tassyknamasy ýa-da çakylyknamasy raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça bilim edarasynda hasaba alnandygy barada güwänamasy bolmalydyr.

4)      Daşary ýurduň okuw jaýy tarapyndan berlen çakylykda okuwyň görnüşi (gündizki ýa-da gaýbana, tölegli ýa-da tölegsiz) baradaky maglumatlar görkezilmedik ýagdaýynda, daşary ýurda okuwa barýan Türkmenistanyň raýaty bu maglumatlary öňünden aýdyňlaşdyrmalydyr.

5)      Daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyz özüniň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny örän aýawly saklamalydyrlar. Elektron maglumaty özünde jemleýän pasportlary mikrosistemalaryň we elektromagnit tolkunly enjamlaryň ýanynda goýmak, ýokary temperaturaly we çygly ýerlerde saklamak pasportyň zaýalanmagyna getirip biler.

6) Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary berýär.

7) Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragy we howandarlygy kepillendirilýär.

Okuw resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin Atawatan Danyşmanlyk LTD ýüz tutup bilersiňiz

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Line Hasabymyz üçin

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

Resmi Twitter Hasabymyz üçin

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle