TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Daşary syýasat edarasynyň gazananlarynyň sergisi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän halkara sergisiniň nobatdaky güni ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň gazananlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baky Bitaraplygyna bagyşlanan halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň gazananlaryna bagyşlanan halkara sergisi 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda öz işine başlapdy.

Bu gezek bolsa ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň güni geçirildi. Onuň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň hem çagyrylan sergisinde oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler zalynda giňden ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşler bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler aldylar.

Bu ýerde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň zalyndaky ýaly edilen guralan tegelek stoluň başyndaky özara pikir alyşmalary sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň diwarlygynda halkara guramalaryň baýdaklary bilen bir hatarda ençeme ýurtlaryň millilikleriniň ýerleşdirilen stendi hem uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerine hem uly orun berlipdir.

Halkara sergi ertir öz işini tamamlaýar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistana sanly parlament kitaphanasyny döretmegi teklip etdi

Astana Halkara maliýe merkeziniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan Özbegistana suwuklandyrylan gaz kömegini berer

Teswirle