MEDENIÝET

«Daragt» filmi Bişkekdäki halkara kinofestiwalynda görkeziler

Türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» çeper filmi 2024-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçiriljek halkara kinofestiwalynda görkeziler.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen bu film Bişkek halkara kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäklerinde kino tomaşaçylaryna hödürlener.

«Daragt» filmi Bişkek halkara kinofestiwalynyň Merkezi Aziýa filmleriniň bäsleşik maksatnamasyna girizildi. Bişkek halkara kinofestiwaly soňky ýyllarda Gyrgyz Respublikasynda geçirilýän iri kino forumlaryň birine öwrüldi. Halkara derejesinde gurnalýan festiwalyň çäklerinde birnäçe mednei çäreler guralar.

Festiwal kino dünýäsiniň meşhur wekilleriniň 70-den gowragynyň myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýokary hilli mazmunly film öndürmek boýunça ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanadygyny bellemek gerek. Her ýyl ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny we häzirki durmuşyny görkezýän dürli žanrly täze filmler kinoekranlaryna çykýar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda  «Daragt» çeper filmi 23–29-njy maý aralygynda Çuwaş Respublikasynda (RF) geçirilen XVII Çeboksary halkara kinofestiwalynda eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp bolupdy.

Ýene-de okaň

Konsertde hoş owazlar ýaňlandy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda rus kinosynyň we animasion filmleriniň hepdeligi geçirilýär

Magtymguly hakynda täze çeper film surata düşürilýär

“Daragt” filmi Çeboksar halkara kinofestiwalynda görkezildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet sirki sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar

Teýlor Swift britan ykdysadyýetine 1.2 milliard dollar gazandyrar

Ata Watan Eserleri