TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Daniýa dünýä çempionata gatnaşmaga hukuk gazandy

Germaniýanyň ýygyndysyndan soňra Katarda geçiriljek 2022-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ýygyndy Daniýa boldy.

Ýewropa sebiti boýunça geçirilen saýlama duşuşyklaryň çäklerinde Daniýanyň ýygyndysy Awstriýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, bu ýeňiş Daniýa toparçasynda birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi we şol bir wagtda dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolmaga şert döretdi.

Daniýanyň “F” toparçada 24 utugy bar. Ikinji orundaky Şotlandiýanyň 17, üçünji orundaky Ysraýylyň bolsa 13 utugy bar.

Daniýanyň ýygyndysy saýlama tapgyrynda şowly çykyş etdi. 8 oýunda 8 ýeňiş gazanyp, 27 gol geçirdi, öz derwezesine bolsa, bir sany hem gol geçitrmedi. Ýagny 8 duşuşyk boýunça görkezijisi 27:0-a deň boldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle