TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dagyň beýikligi 86 santimetr artypdyr

Hytaýyň we Nepalyň hünärmenleri, planetanyň iň beýik dagy bolan Ewerestiň anyk beýikligini kesgitlemek üçin degişli işleri geçirdiler. Resmi maglumatlara görä, onuň boýy 8.848 metr we 86 santimetre deňdir. Şeýlelikde, dagyň beýikligi 86 santimetr ulalypdyr.

Öň bu dagyň ýokarsyna özleriniň gerek enjamlary bilen Hytaýyň geodeziýa topary çykypdyr. Dagyň beýikligini has takyk kesgitlemek üçin 3D tehnologiýalary we “Beidou” kosmos hemrasynyň mümkinçilikleri hem ulanylypdyr.

2019-njy ýylyň maý aýynda nepally hünärmenler topary, dagyň ýokarky nokadyna GPS-kabul edijileri, şeýle hem gar örtüginiň hakyky çuňlugyny ölçemek üçin ýörite georadar enjamyny ýerleşdirmek üçin daga çykypdyrlar. Käbir maglumatlara görä, Ewerest dagynyň ýyldaky ösüş depgini 1,5 santimetre barabar bolup durýar. Bu dagyň ösüşiniň täze görkezijileri baradaky hasabata, Hytaýyň we Nepalyň resmi adamlary tarapyndan gol çekildi diýip, “National Geographic” žurnaly habar berýär. Bu hasabat geografiýa dünýäsindäki iň beýik nokadyň hakyky beýikligi bilen baglanyşykly iň uzyn jedelleriň bir görnüşidir.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Teswirle