TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Daglar barada…

Daglar hakynda gyzykly maglumatlar, Veriň topografiýasy barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Daglar diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem köp adamyň we haýwanlaryň mekanydyr. Bu ýerde pes temperatura agdyklyk edýändigi sebäpli köplenç dag depelerinde gar görüp bilersiňiz.

Ýe­riň as­tyn­da bo­lup geç­ýän te­bi­gy ha­dy­sa­la­r dag­la­ryň az­da-kän­de hem bol­sa beý­gel­me­gi­ne, kä­ha­lat­lar­da bol­sa pe­sel­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Dag­la­ryň be­ýik­li­gi­niň üýt­ge­me­gi­ne wul­kan­la­ryň part­la­ma­gy hem se­bäp bol­ýar. Ýew­ro­pa­nyň iň uzyn iş­jeň wul­ka­ny Ita­li­ýa­nyň Si­si­li­ýa ada­syn­da ýer­leş­ýär.

Daglar barada gyzykly maglumatlar:

  • Daglar, ýanaşyk düzlükleriň üstünden 500 m ýa-da ondanam ýokary belentlikdäki ýer bölekleridir. Bu belligiň aşagyndaky hemme zat depe hasaplanýar.
  • Ýer togalagynyň iň beýik dagy Ewerestdir, beýikligi 8848 metre ýetýär.
  • Gawaýy suwasty wulkany Mauna Keanyň beýikliginiň 10203 metrdir, ýöne onuň köp bölegi suw astyndadyr.
  • Planetamyzda beýikligi 7200 m-den gowrak bolan ýüzden gowrak dag depesi bar.
  • Dag ulgamlary Aziýanyň üçden iki bölegini öz içine alýar.
  • Dünýädäki derýalarynyň köpüsi daglardan gözbaş alýar.
  • Iň uly wulkanly Mauna Loa dagynyň göwrümi 75,000 km³.
  • Monadnok dagy (ABŞ) köplenç täze alpinistler tarapyndan çykylýan ilkinji dagdyr. Beýikligi ortaça 965 m.
Nazar Haýdarow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/at-myrat/

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle