SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

D witamini derman bolup biler  

 Her niçik hem bolsa dünýä 2021-nji ýyly uly umyt bilen garşylady. Koronowirus pandemiýasynyň garşysyna güýçlüden-güýçli waksinalaryň işlenip düzülmegi we dünýä döwletleriniň köpüsinde köpçülikleýin sanjyma girişilmegi adamzadyň adaty ýaşaýşyna bolan umydyny barha artdyrýar.

Ýakynda ispaniýaly alymlaryň geçiren gözlegleri şol umydyny ýene birnäçe esse ulaltdy. Olaryň aýtmagyna görä, D witamini koronowirus bilen bagly heläkçilikleri häzirkisinde 60 göterim azaldyp biler.

Alymlaryň barlagy Barselonadaky hassahanalaryň birinde geçirildi. Ýokarda ýazyşymyz ýaly, olaryň netijesi adamzadyň ýagty geljegine umyt berýär. D witaminini alan adamyň koronowirus pandemiýasyndan heläk bolmak töwekgelçiligi 60 göterim azalýar.

Bu tutumly iňlis partiýalarynyň biriniň wekili Dewid Dewis eýýäm alyp göterdi. Ol immuniteti pes adamlara, esasan hem gartaşanlara D witaminini bermegiň peýdaly boljakdygyny öňe sürdi. Özi-de ol bu witamin bilen her bir hassahanyň derhal üpjün edilmeginiň tarapdary.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar