TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID19 barada nädogry maglumat ölüm howpyna getirip biler

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy özüniň Instagram hasabyndan nädogry maglumatlaryň ölüm howpyna getirip biljekdigini beýan etti.  Halkara guramanyň @un_turkmenistan Instagram hasabynda “nädogry maglumat howply we netijede ölüm  howpyna getirip biler, esasanam #COVID19 pandemiýasy döwründe. Şonuň üçin säginiň, onlaýn paýlaşýan zatlaryňyz hakda pikirleniň we nädogry maglumatlara garşy göreşiň” diýilýär we bu maglumat Türkmen, Rus we Iňlis dilinde Instagram hasabyny yzarlaýanlaryna ýetirilýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň   www.atavatan-turkmenistan.com saýty hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bu çagyryşyna goldaw berýäris. Hakykatdan hem, käbir IMO, Instagram ýa-da beýleki jemgiýetçilik torlarynda resmi taýdan tassyklanyp tassyklanmadygy nämälim bolan  we/ ýa-da BSGG ýaly halkara saglyk guramalarynyň we beýleki abraýly saglyk edaralarynyň tassyk etmedik maslahatlary paýlaşylýar.

Şol sebäpli diňe bir #COVID19 pandemiýasy bilen baglanşykly däl, eýsem haýsyda bolsa bir maglumaty paýlaşmazdan ozal şol maglumatyň dogrylygyny barlamak we diňe dogrylygy tassyklanyp bolan maglumatlary paýlaşmagy maslahat berýäris. Sebäbi biziň ýagşy niýet bilen paýlaşan maglumatlarymyz eger ýalňyş bolsa, başgalaryna  esasan hem ýakynlarymyza zyýan berip biler.

Saglyk habarlarymyz  we  Peýdaly Maslahatlar habarlarymyz üçin gök ýazylan ýere basyň!

Ýene-de okaň

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Baş Redaktor

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar :Stambul, Dubaý we beýlekiler

Baş Redaktor

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýerli we halkara howa gatnawlaryň täze rejesi

Ata Watan Eserleri

Teswirle