SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Covid-19: Ýewropa ýene bir sanjymy tassyklady

Häzirki wagtda dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlaryň köpçülikleýin ulanylmagyna kem-kemden rugsat berlip başlandy.

Ýewropa Bileleşiginde ABŞ-nyň we Germaniýanyň bilelikde öndüren “Pfizer/BioNTech” sanjymyndan soňra “Moderna” kompaniýasynyň sanjyma hem rugsat berildi. Bu barada ylalaşylan şernama laýyklykda, ilkibaşda 80 million doza, goşmaça ýene-de 80 million doza sanjym almak göz öňünde tutulýar.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bu barada beýanat berip, “Moderna” sanjymyny ulanmaga rugsat berlip, ilkinji tapgyrda 80 million doza satyn alynmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

– Ýewropa jemi 2 milliard dozada sanjym bilen üpjün edip biler (alty sany günbatar kompaniýasy bilen sanjymlary öňünden sargyt etmek baradaky şertnamalara laýyklykda, olaryň ikisi ÝB tarapyndan tassyklanan). Bu hemmämizi üpjün etmek üçin ýeterlik bolar – diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi.

Ýewropanyň Derman serişdeleri boýunça agentligi ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasynyň sanjymyna wagtlaýyn hasaba alyş şahadatnamasyny bermek boýunça maslahat beripdi. Ýöne, bu sanjymy 18 ýaşdan uly adamlara urmak göz öňünde tutulýar. Onuň täsirliliginiň 94,1 göterime deňdiri aýdylýar. Sanjymy 28 gün aralyk bilen 2 gezek etmek maslahat berilýär.

***

Serbiýa “Sputnik V” sanjymyny satyn alýar

Russiýanyň Maýa goýumlar gaznasy bilen Serbiýanyň hökümetiniň arasynda 2 million dozadan ybarat “Sputnik V” sanjymyny bermek babatda ylalaşyk gazanyldy.

Serbiýada ilaty köpçülikleýin sanjym etmek işine girişildi. Rus sanjymynyň ilkinji tapgyry 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Serbiýa iberilipdi. Ýurtda goşmaça kliniki synaglary geçirmezden sanjymy urmak işini girişmäge rugsat berildi.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, rus sanjymy Serbiýanyň 1 million adamyna sanjym etmäge mümkinçilik berer.

Serbiýanyň içeri işler ministri Aleksandr Wulin hem-de Parlamentiň ýolbaşçysy Isisa Daçiç rus sanjymyny urdurdy. Şeýle hem Serbiýada “Pfizer/BioNTech” sanjymy hem ulanylýar.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy gemodializ enjamyny sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri