TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19: sanjymyň bahasyny arzanlatdy

Täze görnüşli koronawirus ýokanjy üçin sanjym taýýarlap, ony adamlarda synag edýän ýe bu üçünji tapgyr synag işlerini sentýabr aýynda tamamlamagy göz öňünde tutýan ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasy öndürjek sanjymynyň bahasy mälim etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan Stefan Bansel bir dozanyň bahasyny 32-37 dollar aralygynda boljakdygyny habar berdi. Geçen hepdelerde bu kompaniýanyň sanjymynyň bahasynyň 50-60 dollar aralygynda boljakdygy mälim edilipdi.

Sanjym öndürmek işlerine ilkinjileriň hataryndan girişen we şu wagta çenli derman bazarynda hiç hili dermany bolmadyk bu kompaniýa ABŞ-nyň hökümeti 1 milliard dollar maddy goldaw berdi. Kompaniýanyň öndüren sanjymynyň synaglarynyň 3-nji tapgyry geçiriler, oňa 30 müň adam gatnaşar.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy has köp mukdarda sargyt edilen halatynda bahany pese gaçyrmagyň mümkindigini hem belledi.

Şeýle hem ABŞ-nyň hökümeti “Pfizer” hem-de “BioNTech” kompaniýalarynyň öndürýän sanjymlary üçin 39 dollardan şertnama baglaşdy. ABŞ koronawirusa garşy göreşdäki tagallalaryny güýçlendirip, Angliýanyň sanjym öndürmek babatda iş alyp barýan Oksford uniwersitei hem-de “AstraZeneca” kompaniýasy bilen bu ugurda 400 million dollar şertnama baglaşdy.

Bulardan başga-da, “Johnson&Johnson” kompaniýasy ABŞ-nyň hökümetine 100 million doza sanjym öndürmekçi. Munuň ýurduň hökümeti 1 milliard dollar töleg amala aşyrar.

Ýene-de okaň

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

“Green Card” (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

Baş Redaktor

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Teswirle