TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

COVID-19 pandemiýasyna garşy halkara hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny taýýarlamak işleri barada hasabat berdi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda degişli ugurda kabul edilen döwlet we milli maksatnamalar uly ähmiýete eýedir.

“Saglyk” döwlet maksatnamasy

Şolaryň hatarynda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny aýratyn görkezmek gerek. Şonuň esasynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň hil taýdan täze, halkara ölçeglerine kybap gelýän saglygy goraýyş ulgamy, şol sanda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralary, şeýle hem lukmançylyk bilim we ylym edaralary döredildi.

“Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň saglygyna howp salyp biläýjek wehimlere garşy göreşmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyza täze ýiti ýokanç keseliniň, häzir dünýä ýüzünde giňden ýaýran keseliň aralaşmagyna garşy durmak üçin mäkäm esas goýuldy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli kesellere, şol sanda howply ýokançlara garşy göreşmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.

BMG COVID-19 Kararnamasy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary aýratyn howply kesele garşy göreşmekde umumy tagallalary birleşdirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. Şolaryň hatarynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy babatda ýörite Kararnamalaryň ikisi hem-de Meýilnamalaryň üçüsi bar.

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy

Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, şeýle hem BMG ÖM-niň, UNISEF-niň, Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň we beýleki düzümleriň wekilhanalary bilen bilelikde aprel-maý aýlarynda ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň derejesinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şolaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu meýilnama Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň 10-njy maýda geçirilen nobatdaky mejlisinde seredildi. Şu meýilnamanyň esasy maksady bu howply ýokanjyň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almakdan hem-de onuň ýaýramagyna garşy göreşmekden, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, pandemiýa döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerini degişli derejede saklamakdan ybaratdyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň tertibi we usullary kesgitlenen meýilnamada birnäçe ugurlarda degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýokanç kesellere garşy göreşmek ugrunda milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, degişli enjamlary we serişdeleri yzygiderli esasda ylmy we usuly taýdan täzelemek we öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak işleri bar.

Şeýle hem bu meýilnama dünýäde lukmançylyk ulgamynda häzirki wagtda bolup geçýän özgertmelere laýyklykda milli hünärmenleriň taýýarlygyny, ussatlyk derejesini, ukyplylygyny ýokary derejede saklamak we kämilleşdirmek, halkara saglygy goraýyş ulgamynyň şu günki tapgyrynda aýratyn wajyplyga eýe bolan, ýagny, wirusologiýa, immunoloiýa ýaly ugurlarda lukmanlaryň işini hil taýdan ýokarlandyrmak işlerini ugur edinýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryndan ugur alyp

Şeýle hem bu resminamada halkara tejribesiniň esasynda hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryndan ugur almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy-usuly we kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meýilnamany amala aşyrmak boýunça ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini güýçlendirmäge, innowasion çemeleşmeleriň we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de halkymyzyň saglygy barada aladanyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belledi.

1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy munuň aýdyň mysaly bolup, ol degişli ugurda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini, paýtagtymyzda we Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda degişli döwrebap düzümiň döredilmegini, ýurdumyzyň lukmançylygynyň halkara ölçeglerine çykarylmagyny ugur edinýär. Şunda keselleriň öňüni netijeli almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak meýilnamanyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.

Milli Liderimiz bu barada gürrüňi dowam edip, 2015-nji ýylda täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň tassyklanyp, onuň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleri berkitmäge we artdyrmaga, ylmy gazanylanlara we innowasion tehnologiýalara daýanmak bilen, ony has-da ösdürmäge, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda giň gerimli toplumlaýyn işleriň, şol sanda ilatyň arasynda yzygiderli köpçülikleýin sanjym we dispanser, halkymyza hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigini belledi.

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, pudaklaýyn ylmy höweslendirmek, keselleri anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan dürli ugurly lukmançylyk edaralaryny gurmak işlerine uly ähmiýet berilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ýokary baha

Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek we ýok etmek boýunça görlen çäreler Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy, bu bolsa, ýörite güwänamalarda öz beýanyny tapdy. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekde hem halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek meselelerine uly üns berip, şol maksatlar üçin zerur ähli serişdeleri goýberjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek işinde işjeň orny eýeleýändigini, BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyga, şol sanda saglygy goraýyş ulgamy ýaly ykbal ähmiýetli ugurda gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

HHR-iň öňki Başlygy Szýan Szemin aradan çykdy

Teswirle